Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwada 'Wagner' toparynyň siriýaly tussagy gynamagyna degişli arz edildi


"Wagner" topary birnäçe ýyl bäri dürli sebitlerde, şol sanda Siriýada we Liwiýada söweş operasiýalarynda hereket edýär. (arhiw suraty)
"Wagner" topary birnäçe ýyl bäri dürli sebitlerde, şol sanda Siriýada we Liwiýada söweş operasiýalarynda hereket edýär. (arhiw suraty)

Fransiýada, Siriýada we Orsýetde ýerleşýän üç sany hökümete degişli bolmadyk gurama, 2017-nji ýylda Siriýada bir tussagyň gynalmagy sebäpli ýurduň syýasy elitasy bilen gytaklaýyn baglanyşygy bolan hakyna tutulan rus harby söweşijileriň "Wagner" toparyna garşy sud işini gozgadylar.

"Bu sud işi, siriýaly pidanyň maşgalasynyň Siriýada bolup geçen agyr jenaýatlar üçin şübheli rus adamlaryny jogapkärçilige çekmek üçin eden ilkinji synanyşygydyr", diýip, Halkara Adam Hukuklary Federasiýasy (FIDH), Siriýanyň Media we Söz azatlygy merkezi we düýbi Moskwada ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy "Memorial" merkezi 15-nji martda bilelikde ýaýradan beýanynda aýdýarlar.

Guramalar 2017-nji ýylda Homs regionynda alty adam tarapyndan gynalyp, öldürilen we jesedi şikeslendirilen Siriýanyň raýatynyň doganynyň bu jenaýatçylyk barada 11-nji martda Orsýetiň Derňew komitetine ýüz tutandygyny aýtdy.

Halkara Adam Hukuklary Federasiýasy (FIDH), Siriýanyň Media we Söz azatlygy merkezi we "Memorial" merkezi tarapyndan edilen arz-şikaýatynda "adamyň iňňän rehimsiz öldürilmegi bilen bagly jenaýatçylyk boýunça jenaýat işini gozgamak we günäkärleri tapmak we jogapkärçilige çekmek" talap edilýär.

Synçylar bu jenaýaty derňemek boýunça suda ýüzlenmeleriň netije berjegine şübhe bildirýärler, sebäbi "Wagner" toparyna prezident Wladimir Putiniň ýakyn ýarany Ýewgeniý Prigožiniň ýolbaşçylyk edýändigini belleýärler.

Hususy harby kompaniýalar Orsýetde bikanun hasaplanýan bolsa-da, synçylar Wagneriň soňky ýyllarda Kremliň daşary ýurtlardaky ambisiýalaryny goldamakda has möhüm rol oýnandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG