Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“AstraZeneca” sanjymynyň togtadylmagy we Nýu-Ýork şäheriniň pandemiýanyň ýyl dönümini bellemegi


"AstraZeneca" waksinasy
"AstraZeneca" waksinasy

COVID-19 garşy "AstraZeneca" waksinasynyň gan öýmelerini döredýändigi baradaky habarlardan soň ençeme ýurt ony ulanmagyny togtatdy. Nýu-Ýork şäheri 14-nji martda pandemiýanyň başlanmagynyň ýyl dönüminde COVID-19-dan wepat bolan 30000-den gowrak adamyň hatyrasyna matam tutdy.

Gollandiýa 14-nji martda "AstraZeneca" waksinasyny ulanmakdan el çekmekde Irlandiýa, Daniýa, Norwegiýa, Bolgariýa we Taýland ýaly ýurtlaryň hataryna goşuldy, ýöne "AstraZeneca" sanjymyň gan öýme howpuny ýokarlandyrýandygyna hiç hili subutnamanyň ýokdugyny aýtdy.

Gollandiýa öz kararynyň Daniýadan we Norwegiýadan bolup biläýjek çynlakaý täsirleri baradaky habarlara esaslanandygyny aýtdy.

Gollandiýanyň hökümeti waksinany ulanmagy togtatmagynyň "seresaplylyk sebäpli" edýändigini we ony iň bolmanda 29-njy marta çenli dowam etdirmek niýetini mälim etdi.

Nýu-Ýorkdaky dabara Bruklin köprüsiniň golaýynda şem ýakylyp, filarmoniýa orkestriniň gysga çykyşyndan başlandy.

Şäher häkimi Bill de Blasio, COVID-19 keseliniň Ikinji jahan urşunda, Wýetnam urşunda, “Sandy” tupany zerarly we 11-nji sentýabrda Nýu-Ýorkda bolan terrorçylykly hüjümlerde bilelikde bolan pidalardan has köp adamyň ölümine sebäp bolandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG