Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkiýede türkmenistanly zenanyň ölümi boýunça kazyýet diňlenişigine dowam etdirilýär


Illýustrasiýa suraty. Stambul.

Stambulyň Büýükçekmeje etrabynda 3-nji gatdan ýere gaçyp, aradan çykan türkmenistanly hyzmatçy zenan Muhabbat Meremgulyýewanyň ölümi boýunça bäş güman edilýäniň kazyýet işi dowam edýär. Bu barada türk habar serişdeleri habar berýär.

Stambulyň Bakyrköý 22-nji Agyr jeza kazyýetinde geçirilen kazyýet diňlenişigine jenaýatda güman edilýän Ülkü Ç, Ipek A, Fatma M we olaryň aklawçylary hem-de dawagär Emrah Başçy gatnaşdy.

Emrah Başçy dosty Muhabbat Meremgulyýewa bilen güman edilýänleriň arasynda wakanyň bolan güni bolan zatlardan özüniň bihabardygyny, ýöne wakadan 1-2 hepde öň Muhabbat bilen öý eýesi Ipegiň arasynda ýitgi sebäpli turan dawadan özüniň habarynyň bardygyny gürrüň berdi.

Kazyýet diňlenişige gatnaşmadyk beýleki bir güman edilýän Burju K-niň ele salynmagy barada buýruk berip, nobatdaky diňlenişigiň wagtyny yza süýşürdi.

Aýyplawda aýdylmagyna görä, Muhabbat Meregulyýewa 2019-njy ýyyň 18-nji sentýabr güni agşam sagat 9:50-de Büýükçekmejede balkondan ýere gaçyp, aradan çykdy. Şeýle-de, aýyplaw pidanyň wakadan iki aý töweregi ozal güman edilýän Ipek A-nyň öýünde eneke hökmünde işe başlandygyny aýdýar.

Aýyplawa görä, öý eýesi bir ýitgi sebäpli beýleki güman edilýänleri öýüne çagyryp Meremgulyýewany soraga çekipdir.

Jenaýatda güman edilýänlere “bilkastlaýyn adam öldürmäge gatnaşmak” aýyplamasy boýunça ömürlik azatlykdan mahrum etmek jezasy soralýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG