Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paşinýan 20-nji iýunda irki parlament saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi


Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan
Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan “Abadan Ermenistan” oppozisiýa parlament toparynyň lideri bilen geçiren gepleşikleriniň yz ýany, möhletinden öň 20-nji iýunda irki umumy saýlawlaryň geçiriljekdigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda Paşinýan we Gagik Tsarukian dowam edýän syýasy krizisden çykmagyň iň gowy usulynyň irki saýlawlardygyny ykrar etdi. Bu barada Paşinýan 18-nji martda özüniň Facebook sahypasynda ýazgy galdyrdy.

“Meniň prezident Armen Sarkisýan, “Meniň ädimim” fraksiýasy, “Ýagty Ermenistan” fraksiýasynyň lideri Edmon Marukian bile geçiren maslahatlarym nazarda tutulyp, Ermenistan Respublikasynda möhletinden öň irki parlament saýlawlary 20-nji iýunda geçiriler” diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG