Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden saýlawlara gatyşyk üçin Putiniň “jogap berjekdigini” aýdýan mahaly, ABŞ-Russiýa gatnaşyklary has-da gowşaýar


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden (çepde) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden (çepde) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Jo Baýden Russiýanyň ABŞ saýlawlaryna “gatyşygy” sebäpli rus prezidenti Wladimir Putiniň ýakyn wagtlarda “jogap berjekdigini” aýtmagyndan soňra hem-de Russiýanyň ABŞ-daky öz ilçisini geňeşmeler üçin Moskwa çagyrmagyndan soňra iki ýurduň arasyndaky ozal hem dartgynly gatnaşyklar has-da ýaramazlaşýar.

“ABC News” kanalynda 17-nji martda efire berlen interwýuda Baýden özüniň Putiniň ruhsuz ganhordygyna ynanýandygyny aýtdy we onuň noýabr prezident saýlawlaryna gatyşmaga synanyşygy sebäpli ýakyn wagtlarda “jogap berjekdigini” aýtdy. Gepleşigiň alyp baryjysy Jorj Stefanopolos (George Stephanopoulos) saýlawlara gatyşygyň temmisiniň nähili boljakdygyny soranynda Baýden “Siz muny ýakyn wagtlarda görersiňiz” diýip, jogap berdi.

Giňişleýin söhbetdeşlik ABŞ-nyň Milli aňtaw müdirliginiň Putiniň “prezident Baýdeniň dalaşgärligini hem-de Demokrat partiýany kemsitmäge, öňki prezident Donald Trampy goldamaga, saýlaw prosesini ynamdan gaçyrmaga we Birleşen Ştatlarda syýasy we sosial bölünişikleri güýçlendirmäge gönükdirilen operasiýalara ygtyýar berendigi we olaryň birnäçe rus hökümet guramalary tarapyndan ýerine ýetirilendigi” barada gelen netijesi çap edilenden bary-ýogy birnäçe sagat soň efire berildi.

40 ýyldan gowrak syýasy tejribesi bolan Baýden ýyllaryň geçmegi bilen Putini özüniň has gowy tanandygyny we Putiniň wyždanynyň bardygyna özüniň ynanmaýandygyny aýtdy.

Putiniň ganhordygy barada pikir edip-etmeýändigi barada berlen soraga Baýden “Edýärin” diýip jogap berdi.

Kreml 17-nji martda hasabatyň netijelerini ret etdi we olaryň “düýbünden esassyzdygyny” aýtdy.

Russiýa saýlawlara “gatyşmady” we “hiç bir dalaşgäriň garşysyna kampaniýa geçirmedi” diýip, Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow aýtdy.

Birnäçe sagat soňra, Russiýa özüniň Waşingtondaky ilçisi Anataloiý Antonowy geňeşmeler üçin Moskwa çagyrýandygyny yglan etdi.

“Biziň üçin esasy zat, Waşingtonyň soňky ýyllarda kyn ýagdaýa getiren rus-amerikan gatnaşyklaryny nädip düzedip boljakdygyny kesgitlemek" diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mariýa Zaharowa aýtdy. “Biz gatnaşyklaryň öňüni alyp bolmajak derejede ýaramazlaşmagynyň öňüni almaga gyzyklanma bildirýäris, eger-de amerikalylar bu töwekgelçilikleri ykrar etseler” diýip, ol belledi.

Russiýanyň Birleşen Ştatlarda we beýleki demokratik ýurtlarda saýlawlara “gatyşygy”, Siriýadaky we Ukrainadaky konfliktler, Kreml tankytçysy Alekseý Nawalnynyň zäherlenmegi we tussag edilmegi ýaly meseleler bilen dartgynlylaşan Waşington-Moskwa gatnaşyklary Sowuk söweşden soňky döwürlerdäki derejesine düşdi.

ABŞ-nyň Söwda departamenti 17-nji martda Nawalny meselesine jeza hökmünde şu aýyň başlarynda rus hünärmenlerine garşy girizen sanksiýalaryny giňeldýändigini aýtdy.

Dartgynly gatnaşyklara garamazdan, Baýden bilelikde işlemegiň özara bähbitlere gabat gelýän ýerlerinde mümkinçiligiň bardygyny belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG