Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýä ýurtlarynyň bagt sanawynda Türkmenistan bu ýyl yza süýşdi


Aşgabat, mart, 2021
Aşgabat, mart, 2021

Bu ýyl dünýädäki bagt reýtinginde, Türkmenistan 97-nji setirde ýerleşip, öňki ýyl bilen deňeşdirilende yza geçdi. 2020-nji ýylyň mart aýynda neşir edilen geçen ýylky hasabatda Türkmenistan 95-nji setirdedi.

Dünýädäki 149 ýurtda bagt derejesine baha berýän täze hasabat, 20-nji martda bellenilýän Halkara bagt gününiň öňüsyrasynda çap edildi.

2021-nji ýyldaky global bagt reýtinginde COVID-19-yň täsirine we dünýädäki adamlaryň ýagdaýyna üns gönükdirilýär.

Biziň maksadymyz, COVID-19-yň adamlaryň durmuş ýagdaýyna we hiline edýän täsirine ünsi jemlemek, ikinjiden, dünýädäki hökümetleriň pandemiýa garşy nähili göreşýändigini beýan etmek we baha bermek diýlip, hasabatda aýdylýar.

Hasabata görä, Merkezi Aziýada Özbegistan bagt derejesi boýuna öňe saýlanýar we 42 ýerde ýerleşýär, Gazagystan 45-nji, Gyrgyzystan 67-nji, we Täjigistan 78-nji ýerde ýerleşýär.

Bütin dünýäde bagt indeksiniň iň ýokary görkezijilerine eýe bolan ýurtlaryň sanawyna Finlýandiýa, Daniýa, Şweýsariýa, Islandiýa, Gollandiýa, Norwegiýa, Şwesiýa, Lýuksemburg, Täze Zelandiýa we Awstriýa girýär.

XS
SM
MD
LG