Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa epidemiologiki ýagdaýyň ýaramazlaşmagy sebäpli çäklendirmeleri artdyrýar


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel

Germaniýa, tutuş Ýewropa ýaýran koronawirusyň üçünji tolkunyna jogap hökmünde 18-nji aprele çenli tutuş ýurt boýunça bölekleýin çäklendirmeleri girizýär.

23-nji martda ir bilen geçirilen gepleşiklerinden soň, kansler Angela Merkel we döwlet ýolbaşçylary Pasha baýramçylygynda bäş günlük berk üzňelik çärelerini ulanmak barada ylalaşdylar.

Dükanlaryň hemmesi diýen ýaly 1-nji aprelden 5-nji aprel aralygynda ýapylar we dini hyzmatlar onlaýn ýagdaýda geçiriler.

Diňe supermarketlere 3-nji aprelde açylmaga rugsat berler.

"Häzir ýagdaýymyz agyr" diýip, Merkel metbugat ýygnagynda aýdyp, Britaniýada ilkinji gezek ýüze çykarylan has ölüm howply we ýokanç görnüşli koronawirusy "täze pandemiýa" hökmünde häsiýetlendirdi.

Bu karar federal hökümetiň we regionlaryň käbir çäklendirmeleri ýuwaş-ýuwaşdan gowşatmak barada üç hepde ozal yglan eden planlaryny düýpgöter üýtgetdi.

Bawariýaly döwlet premýer-ministri Markus Soeder wirusa garşy çäklendiriji çäreleriň güýçlendirilmegi bilen baglylykda Germaniýanyň pandemiýanyň iň howply döwrüni başdan geçirýän bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

Ýewropanyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Germaniýa hem çaltlaşýan üçünji tolkun, barha artýan umytsyzlyk we waksinasiýanyň haýallygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Ýewropanyň beýleki ýurtlary Fransiýa, Italiýa, Awstriýa we Polşa ýokanç keseliň tiz ýaýbaňlanmagy sebäpli çäklendirmeleri dikeldýärler ýa-da giňeldýärler.

XS
SM
MD
LG