Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” owgan prezidentiniň täze saýlawlar baradaky teklibini ret etdi


 Owgan prezidenti Aşraf Gani
Owgan prezidenti Aşraf Gani

“Talyban” topary owgan prezidenti Aşraf Ganiniň alty aýyň içinde, jeňçi topary bilen baglaşylan parahatçylyk ylalaşygyndan bir ýyl soňra, irki saýlawlary geçirmek baradaky teklibini ret etdi.

Ýokary derejeli owgan resmisiniň Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren maglumatyna görä, Gani bu teklibiniň jikme-jiklerini aprelde Türkiýede geçiriljek halkara parahatçylyk konferensiýasynyň dowamynda mälim eder.

Ganiniň teklibine görä, eger-de “Talyban” ok atyşyklary bes etmek barada ylalaşsa, onda alty aýyň içinde BMG-niň, ÝB-niň we ABŞ-nyň gözegçiliginde irki prezidentlik saýlawlary geçirilip bilner.

“Talyban” bu teklibi dessine ret etdi. Jeňçi topary “şular ýaly (saýlaw) prosesleriniň geçmişde ýurdy krizisiň bosagasyna eltendigini” öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG