Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Birmada ýüzlerçe tussag azat edildi


Birmada harbylaryň hökümet agdarylyşygyna garşy her gün protestler geçirilýär.

Birmada geçen aý harbylaryň amala aşyran hökümet agdarylyşygyna garşy protestlerde tussag edilen ýüzlerçe bendi Rangoon şäheriniň türmesinden azatlyga goýberildi. Bu barada şaýatlar maglumat berýärler.

Birmada 1-nji fewralda harbylaryň häkimiýeti ele geçirmeginden we saýlanan lider Aung San Suu Kýini tussag etmeginden soňra, muňa garşy her gün protestler geçirilýär.

Tussag edilen protestçileriň 24-nji martda azat edilmegi barada resmi beýanat bolmady.

Huntanyň liderleri geçen noýabrdaky, Suu Kýiniň partiýasynyň ýeňiş gazanan saýlawlarynyň galplaşdyrylandygyny aýdýarlar. Häkimiýetden çetleşdirilen lideriň tarapdarlary aýyplamalaryň toslanandygyny belleýärler.

Syýasy Tussaglara Hemaýat Assosasiýasynyň maglumatyna görä, harby agdarylyşyga garşy protestleriň dowamynda azyndan 2 müň adam tussag edilipdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG