Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň türme häkimiýetleri tussaglykdaky Nawalnynyň ýagdaýynyň “kanagatlydygyny” aýdýarlar


Alekseý Nawalny
Alekseý Nawalny

Kreml tankytçysynyň ýaranlary onuň saglyk ýagdaýy barada aladalaryny beýan edeninden soňra, rus häkimiýetleri tussaglykdaky oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň saglyk ýagdaýynyň “durnuklydygyny” aýtdylar.

Nawalnynyň ýaranlary onuň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna hem-de onuň türmede aklawçysy bilen meýilleşdirilen duşuşyga gatnaşmandygyna alada bildirýändiklerini aýdanyndan soňra, Nawalnynyň ýagdaýy we onuň nirededigi baada 24-nji martda mesele gozgaldy.

Nawalnynyň Russiýa boýunça toparlarynyň utgaşdyryjysy Leonid Wolkow korrupsiýa garşy göreşijiniň geçen hepde “ýiti” arka agyrylaryny başdan geçirip başlandygyny we aýagynda ysmazlyk duýandygyny, şeýle-de onuň aýak üstünde durup bilmändigini aýtdy. Wolkow bu agyrylar üçin Nawalna iki sany "Ibuprofen" tabletkasynyň berilendigini sözüne goşdy.

Federal jeza çäresi gullugy (FSIN) 25-nji martda "Interfaks" habar gullugyna Nawalnynyň saklanýan 2-nji düzediş koloniýasynda tussaglaryň bir gün ozal adaty lukmançylyk barlagyndan geçirilendigini aýtdy.

“Barlagyň netijelerine görä, [Nawalnynyň] saglyk ýagdaýy kanagatlanarly we durnukly diýip kesgitlenildi” diýip, FSIN-iň metbugat gullugy habar agentligine aýtdy.

Muňa garamazdan, beýanat Nawalnynyň ýaranlarynyň arasyndaky aladalary ýeňletmedi.

XS
SM
MD
LG