Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belaruslar Lukaşenka garşy protestleriň täze tapgyryna başlamaga çagyrylýar


Minsk. Howpsuzlyk işgärleri saýlawdan bäri demonstrantlary ýowuz basyp ýatyrdy we müňlerçe adamy tussag etdi.
Minsk. Howpsuzlyk işgärleri saýlawdan bäri demonstrantlary ýowuz basyp ýatyrdy we müňlerçe adamy tussag etdi.

"Dünýä bu howplara keseden seredip durup bilmez" diýip, Struters Belarusdaky ilçihana wekillerini 25-nji martdaky protestlere, göni ýaýlymda bolup geçýän wakalara gözegçilik etmäge we polisiýanyň zorlugyny paş etmek üçin diplomatik eldegrilmesizligini ulanmaga çagyrdy.

Oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa gysga wagt saklanan Belarus halk respublikasynyň ýyl dönümi mynasybetli, 25-nji martda belaruslary Aleksandr Lukaşenka garşy täze protest tolkunlaryna başlamaga çagyrdy.

Tihanowskaýa belaruslary ýyllyk Dzen Woli (Erkinlik güni) dabarasyndan peýdalanyp, Minskde we Belarusyň beýleki şäherlerinde awtoritar lideriň garşysyna köçe ýörişlerini geçirmäge we Belarusdaky syýasy krizise garşy birleşigi, agzybirligi yglan etmäge çagyrdy.

Tihanowskaýa 24-nji mart güni giçlik twitterde oppozisiýanyň gyzyl we ak reňkli feýerwererklerini görkezýän wideosyny paýlaşan twitinde "Belaruslar eýýäm azatlyk gününi belleýärler" diýdi.

Emma Minskdäki tutumlar aktiwistleriň howpsuzlygyny üpjün etmekden ýüz öwüren polisiýanyň döreden kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýar we "Amnesty International" guramasy häkimiýetleriň görüp biljek çäresinden alada bildirdi.

Oppozisiýadaky Belarus halk fronty (BNF) partiýasynyň başlygy Ryhor Kastusyou 22-nji martda Azatlyk radiosyna beren interwýusynda polisiýanyň pandemiýa çäklendirmelerine we "Telegramdaky ekstremist kanallaryň birnäçesiniň edýän çagyryşlaryna" salgylanyp, 25-nji marta planlaşdyrylan rugsatsyz köçe ýörişleriniň howpsuzlygyny üpjün etmekden ýüz öwürendigini aýtdy.

Kastusyou bu kararyň üstünden kazyýete şikaýat etmek üçin ýeterlik wagtyň ýokdugyny we polisiýa howpsuzlygy bolmazdan, guramaçylaryň nazarda tutulan çäräni geçirmekleri üçin şäher ýerine ýetiriji komitetinden resmi rugsat almak ähtimallygynyň gaty azdygyny aýtdy.

25-nji martda 1918-nji ýylda bir ýyldan hem az wagt saklanan Belarus halk respublikasynyň 103-nji ýyl dönümi bellenýär. Bu sene Belarusda 1989-njy ýyldan bäri her ýyl bellenilip geçilýär.

Amnesty International belarus häkimiýetleriniň Erkinlik güni ýörişlerini "gorkunç zorlugyň ýene bir sahnasyna" öwürmäge taýýardyklaryny görkezendiklerini duýdurdy.

Amnesty International guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň müdiri Mari Struters polisiýanyň 25-nji marta bellenen demonstrasiýalara beren jogabynyň “ýene-de güýçli zorluk bilen belgilenjekdigini” aýtdy we parahatçylykly demonstrantlaryň hukuklaryny goramak üçin halkara çärelerini görmäge çagyrdy.

"Dünýä bu howplara keseden seredip durup bilmez" diýip, Struters Belarusdaky ilçihana wekillerini 25-nji martdaky protestlere, göni ýaýlymda bolup geçýän wakalara gözegçilik etmäge we polisiýanyň zorlugyny paş etmek üçin diplomatik eldegrilmesizligini ulanmaga çagyrdy.

Tihanowskaýa häzir Litwada ýaşaýar. Ol 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň, özüniň we tarapdarlarynyň ýeňiş gazanandygyny aýdyp, howpsuzlyk aladalary sebäpli başga ýere göçdi.

Lukaşenkanyň ýeňiş gazanandygyny jar eden resmi habar saýlawdan bäri geçen aýlarda her gün diýen ýaly dowam edýän protestleriň döremegine alyp geldi. Lukaşenkanyň işinden aýrylmagyny, täze saýlawlaryň geçirilmegini we syýasy tussaglaryň boşadylmagyny talap etmek üçin guralan protestleriň käbiri on müňlerçe adamy köçä çykardy.

Howpsuzlyk işgärleri demonstrantlary ýowuz basyp ýatyrdy we müňlerçe adamy tussag etdi. Gazaply çäreler arasynda birnäçe demonstrant öldürildi, käbirlerine türme tussaglygy berildi, hukuk guramalary tussag edilenleriň käbirine garşy gynamalaryň ulanylandygyny tassyklaýan ygtybarly subutnamalarynyň bardygyny aýdýarlar.

Lukaşenka saýlawda galplaşdyrmalaryň bolandygyny ret edip, işinden çekilmegi we täze saýlawlar barada gepleşik geçirmekden ýüz öwürdi.

Ýewropa Bileleşigi, ABŞ, Kanada we beýleki ýurtlar 66 ýaşly Lukaşenkany Belarusyň kanuny lideri hökmünde ykrar etmekden ýüz öwürdi we sesleriň "galplaşdyrylmagyna", saýlawdan soňky protestleriň zorlukly basylyp ýatyrylmagyna jogap hökmünde oňa we Belarusyň ýokary derejeli resmilerine garşy sanksiýa girizdi.

XS
SM
MD
LG