Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Blinken, ABŞ-nyň ÝB bilen berk hyzmatdaşlygyny tassyklandygyny aýtdy


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken, Brussel, 24-nji mart, 2021
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken, Brussel, 24-nji mart, 2021

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken ýaranlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýdyp, 25-nji martda Brýussele eden üç günlük saparyny tamamlady.

Ol Brýussele barmagynyň "aýratyn bir maksady göz öňünde tutup, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hyzmatdaşlygy dikeltmek kararyny açyk görkezmäge" gönükdirilendigini aýtdy.

Biden häzirki döwürde hyzmatdaşlygyň taryhdaky islendik döwürden has zerurdygyny we kynçylyklary ýeňip geçmek üçin NATO we Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklaryň möhüm boljakdygyny aýtdy.

Blinkeniň Döwlet sekretary hökmünde Brýusselde eden ilkinji sapary, Baýdeniň administrasiýasynyň öňki prezident Donald Trampyň administrasiýasy döwründe gowşan gatnaşyklary dikeltmek we ýaranlaryň goldawyny yzyna almak isleýändigini tassyklady.

Saparyň dowamynda Blinken ABŞ-nyň Hytaý bilen gepleşikleri meselesinde we Pekiniň güýçlenmegine garşy durmak planlarynda Ýewropa Bileleşiginiň goldawyny aldy.

Türkiýäniň rus raketalaryny satyn almagy we Orsýet bilen Germaniýanyň arasynda gurulýan “Demirgazyk akym 2” gazgeçirijisi ýaly meseleler hem gün tertibinde galýar.

XS
SM
MD
LG