Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uýgur aktiwistleri Hytaýyň daşary işler ministriniň Türkiýä saparyna protest bildirýär


Uýgurlaryň Hytaýyň Sinszýanda adam hukuklarynyň depelenmegine bildirýän protest aksiýasy
Uýgurlaryň Hytaýyň Sinszýanda adam hukuklarynyň depelenmegine bildirýän protest aksiýasy

Ýüzlerçe etniki uýgur Ankarada we Stambulda Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýiniň saparyny ýazgarmak we Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinszýan sebitinde adam hukuklarynyň bozulmagyna garşy türk hökümetinden has berk pozisiýany talap etmek üçin ýöriş gurady.

25-nji martda 1000 töweregi uýgur Stambulyň Beýazit meýdanyna ýygnandy we "Diktator Hytaý" hem "Uýgur genosidini bes et, lagerleri ýap" ýaly şygarlary öňe sürdi.

Käbir demonstrantlar Hytaýdaky tussag lagerlerinde saklanýar diýlip hasaplanýan ýitirim bolan garyndaşlarynyň suratlaryny göterdiler, beýlekiler bolsa, Sinszýanyň uýgur garaşsyzlyk hereketi tarapyndan dakylan ady Gündogar Türküstanyň gök-ak reňkli baýdaklaryny galdyrdylar.

Türkiýäniň oppozisiýa kanun çykaryjylary we alymlary Hytaýyň Ankaradaky ilçihanasynyň ýanynda has kiçi demonstrantlar toparyna goşuldy.

Hytaýyň Daşary işler ministri Wang Ýi Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu we prezident Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşdy.

Aktiwistler we BMG-niň adam hukuklary boýunça wekilleri azyndan 1 million uýguryň we beýleki esasan musulman azlyklaryň Sinszýanyň lagerlerinde saklanandygyny aýdýarlar.

Hytaý häkimiýetleri aýallary zor bilen sterilizasiýa etmekde we mejbury zähmete çekmekde günäkärlenýärler.

Hytaý haýsydyr bir hyýanatçylykly hereketi inkär edýär we zähmet lagerleriniň iş ýüzünde bilim bermek, ekstremizmi ýok etmek we girdejileri ýokarlandyrmak ýaly maksatlary öz öňünde goýýandygyny öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG