Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Hong Kongda dawaly saýlaw reformasyny tassyklady


Hytaý kongresi (illýustrasiýa suraty)
Hytaý kongresi (illýustrasiýa suraty)

Hytaý Honk Kongda saýlaw ulgamyny reformalaşdyrmak boýunça täze dawaly planyny kabul etdi. Munuň netijesinde, Pekiniň şäherdäki gözegçiliginiň hasam güýçlenmegine garaşylýar.

Döwlet mediasynyň 30-njy martda beren maglumatyna görä, ýurduň esasy kanunçykaryjy organy, Milli Halk Kongresiniň Hemişelik Komiteti, Hong Konguň Esasy Kanunyna üýtgetmeleri biragyzdan kabul edipdir, şeýle-de oňa eýýäm prezident Şi Jinping gol goýupdyr.

Britaniýa 1997-nji ýylda ozalky koloniýasy Hong Kongy Hytaýyň gözegçiligine geçireninden soň, Esasy Kanun minikonstitusiýa hökmünde hereket edip, Hong Konga aýratyn azatlyklary kepillendiripdi.

Soňky düzedişleriň çäginde, Pekin tarapdar komitete Hong Konguň parlamentine dalaş etjek kandidatlary gözden geçirmäge we onuň köp agzalaryny saýlmaga ygtyýar berilýär.

Tankytçylar munuň bilen parlamentdäki ähli oppozisiýa wekilleriniň aradan aýrylyp, Hong Konda demokratiýanyň togtadyljakdygyny duýdurýarlar.

Täze reformalaryň deslapky görnüşi şu aýyň başynda geçirilen Milli Halk Kongresiniň mejlisiniň dowamynda, şeýle-de Hong Konguň köçelerinde demokratiki tarapdar protestleriň basylyp ýatyrylýan döwri kabul edilipdi. Şol pursat, G7 toparyna agza döwletler we Ýewropa Bileleşigi munuň “Hytaýyň Hong Kongda närazy garaýyşly sesleri sem etmek ugrunda tagalla edýändigine yşarat bolandygyny” aýdypdylar.

XS
SM
MD
LG