Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda Tihanowskaýa garşy “terrorizm” aýyplamalary boýunça jenaýat işi açyldy


Belarus oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa
Belarus oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa

Belarusyň prokurorlary oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa garşy terrorizm aýyplamalary boýunça jenaýat işini açdylar. Bu belarus häkimiýetleriniň ençeme aýlap dowam edýän hökümete garşy protestleriň arasynda, oppozisiýa toparlaryny basyp ýatyrmak synanyşygy ugrunda eden soňky ädimi boldy.

Tihanowskaýa garşy jenaýat işiniň gozgalandygyny 29-njy martda baş prokuror Andreý Şwed mälim etdi. 9-njy awgustdaky dawaly saýlawlardan soň, howpsuzlyk aladalary sebäpli ýurdy terk etmäge mejbur bolan Tihanowskaýadan munuň bilen bagly entek jogap bolmady.

Baş prokuror Şwediň sözlerine görä, mundan birnäçe gün ozal Tihanowakaýa we başga-da birnäçe adam Minskde partladyjylary ýerleşdirjek we hüjümleri amala aşyrjak bolupdyrlar.

Beýanatda başga goşmaça maglumat berilmeýär.

Mundan birnäçe gün ozal, resmiler Minskde we onuň golaýyndaky Barysau şäherinde partladyjylary ýerleşdirmekçi bolan bir şahsyýetiň ele salnandygyny mälim etdiler.

Diýdimzor Aleskandr Lukaşenkanyň 9-njy awgustdaky saýlawlaryň dawaly netijelerine laýyklykda ýeňiji diýlip yglan edilmeginiň yzy bilen, on müňlerçe adam köçelere çykyp, onuň häkimiýetden gitmegini talap etdi.

Howpsuzlyk resmileri demonstrasiýalary gazaplylyk bilen basyp ýatyrdylar, müňlerçe adamy tussag etdiler we esasy oppozisiýa wekilleriniň köpüsini ýurduň daşyna çykmaga mejbur etdiler.

XS
SM
MD
LG