Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus lukmanlary Nawalna dessine medisina hemaýatyň berilmegini talap edýärler


Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny sud diňlenişiginde. Moskwa. Fewral, 2021 ý.
Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny sud diňlenişiginde. Moskwa. Fewral, 2021 ý.

Tussaglykdaky rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalna dessine medisina hemaýatyň berilmegi baradaky 28-nji martda başladylan onlaýn petisiýa 500-e golaý lukman we medisina bilermeni gol goýdy. Bu barada petisiýanyň awtorlarynyň biri, Insider websaýtynyň žurnalisti Oleg Pşeniçniý Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Petisiýada iň azyndan Nawlanynyň ynam bildirýän garaşsyz lukmanyna onuň saglyk ýagdaýy bilen tanyşmagyna mümkinçiligiň döredilmelidigi bellenilýär. Iň gowusy Nawalna Berliniň Şarite hassahanasynyň lukmanlary tarapyndan garalmalydygy nygtalyp geçilýär. Nawalny geçen ýyl Sibirde zäherlenenden soňra, Germaniýadaky Şarite hassahanasynda bejergi alypdy.

“Biz Türmelere gözegçilik edýän federal gullukdan, beýleki degişli edaralardan, şeýle-de ýurduň syýasy ýolbaşçylaryndan ýagdaýlara dessine goşulyp, Alekseý Nawalnynyň saglyk ýagdaýynyň kadalaşdyrylmagy üçin ähli zerur bolan şertleriň döredilmegine hemaýat bermegini talap edýäris” diýip, petisiýada bellenilýär.

Geçen hepde Nawalnynyň egindeşleri onuň ýagdaýynyň agyrlaşmagyna alada bildirdiler we türme resmilerinden Kremliň tankytçysynyň asyl ýagdaýyny aýdyňlaşdyrmagy soradylar.

Nawalny bilindäki ýiti agyrydan ejir çekýändigini we türme resmileriniň meseläni çözmek üçin, ibuprofen dermanyny bermekden başga, “hiç zat” etmeýändiklerini aýtdy.

Wladimir regionynyň Jemgyýetçilik Gözegçilik Komissiýasynyň agzalary Nawalnynyň “saglygy bilen bagly meseleleri öwrenmek we oňa berilýän medisina hemaýatyny seljermek üçin”, geçen hepdesoňy Nawalny bilen duşuşandyklaryny aýtdylar.

Komissiýanyň başlygynyň orunbasary Wladimir Grigoriýan 29-njy martda “Dožd” telekanalyna Nawalnynyň ýalandan kesellesirän bolýandygyny aýtdy.

Grigoriýan näme sebäpden Nawalnynyň özüni ýalandan kesel edip görkezjek bolýandygy baradaky pikirlerini anyklaşdyryp bilmedi. “Doždyň” žurnalisti ondan düşündiriş soranynda, ol “Sag bol, gadyrdanym” diýip, söhbedi kesdi.

Nawalnynyň aklawçylary öz müşderilerine geçen hepde geçirilen MRT barlaglarynyň netijeleriniň hem häzire çenli aýan edilmändigini aýtdylar.

Nawalnynyň aklawçylarynyň biri, Wadim Kobzew, Nawalnynyň Jemgyýetçilik Gözegçilik Komissiýasynyň agzalaryny “tussaglaryň ýagdaýyny has hem kynlaşdyrmak üçin konsentrasiýa lageriniň administrasiýasyna lepbeýçilik edýän bir topar kezzaplar we ýalançylar” diýip atlandyran sözlerini getirdi.

Nawalny awgustyň aýagynda Sibirde keselledi we koma girizildi hem-de Berline ewakuasiýa edildi. Birnäçe günüň içinde germaniýaly lukmanlar we harby alymlar onuň Sowet Soýuzynda ösdürilen harby derejeli nerw agenti Nowiçok bilen ilteşikli bir jisim bilen nyşana alnandygyny kesgitledi. Himiki ýaraglary gadagan etmek boýunça gurama Nawalnydan alnan gan we peşew nusgalarynyň düzüminde Nowiçok toparyna degişli gadagan edilen himiki jisimiň bardygyny tassyklady.

Nawalny ýanwarda Germaniýada bejergi alyp, Russiýa dolanan dessine tussag edildi.

Fewralda Moskwanyň sudy Nawalnynyň Germaniýada bejergi alan döwri, syýasy äheňli hasaplanýan pul ýuwmak baradaky ozalky işi bilen baglylykda çykarylan şertli tussaglyk möhletiniň düzgünlerini bozmakda günäli tapyp, ony 2,5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Nawalny özüniň gönümel prezident Wladimir Putiniň görkezmesi bilen zäherlenendigini aýdýar. Russiýa muňa ilteşiginiň ýokdugyny tekrarlaýar.

XS
SM
MD
LG