Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serdar Berdimuhamedow türkmen baş diplomaty bilen Moskwa sapar eder


Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşid Meredow 30-njy martdan 2-nji aprel aralygynda Russiýa sapar eder. Şol bir wagtda, onuň ýany bilen prezidentiň ogly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow hem gider.

Bu barada 29-njy martda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde mälim edildi.

Resmi maglumata görä, Serdar Berdimuhamedow hökümet agzalary bilen bilelikde türkmen-rus hökümetara iş toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek üçin Moskwa iş saparyna ugradylar.

Türkmenistanyň syýasy durmuşyny ýakyndan yzarlaýan ekspertler Berdimuhamedowyň ogly Serdaryň syýasy karýerasynyň birden götergilenmegi bilen, onuň kakasynyň ornuna mirasdüşer hökmünde taýýarlanýandygy baradaky garaýyşlaryny beýan edýärler.

XS
SM
MD
LG