Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Braziliýa rekord COVID-19 ölüm sanlary barada habar berýär, Germaniýa “AstraZeneca” sanjymynyň ulanylmagyny çäklendirýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Braziliýa 30-njy martda COVID-19 ölüm sanlary boýunça ýene bir rekord goýup, gündelik 3780 ölüm hasaba aldy. Ýokanjyň agyr ikinji tolkuny ýurda zyýan ýetirýär.

Latyn Amerikasyndaky bu ýurt häzirki wagtda dünýädäki gündelik koronawirus ölümleriniň dörtden bir bölegini düzýär. Braziliýada 317646 adam koronawirusdan aradan çykdy we bu ýurt ABŞ-dan soň dünýäde COVID-19 ölümleriniň sany boýunça ikinji ýerde durýar.

Wirusyň P1 diýip tanalýan we örän ýokanç hem-de ilkinji gezek Braziliýada ýüze çykan, ähtimal, has ölüm howply görnüşi pandemiýanyň irki döwürleri bilen deňeşdirilende has erbet infeksiýalara sebäp boldy.

Bu infeksiýalar saglygy goraýyş ulgamyny çökmek howpuna getirdi.

Germaniýada onsuz hem kynçylyklara sezewar bolan sanjym kampaniýasyna ýene bir zarba boldy.

31-nji martdan başlap, Germaniýa ýaşy 60-dan geçen adamlara we beýleki ejiz toparlara AstraZeneca COVID-19 waksinasy bilen sanjym edilmegini çäklendirer. Bu karar Germaniýanyň sanjym komissiýasy käbir “seýrek, ýöne ýiti” gan lagtalanmagy barada habar berenden soňra kabul edildi.

Täze görkezmä laýyklykda, ýaşy 60-a ýetmedik adamlar diňe “lukmanlaryň karary bilen hem-de düýpli barlaglaryň we töwekgelçilik seljermeleriniň netijesi” esasynda sanjym kabul edip bilerler.

Birnäçe ýewropa ýurtlary, şol sanda Germaniýa şu aý bu sanjymyň gan lagtalanmagyna sebäp bolup biljekdigi baradaky aladalar sebäpli ulanylmagyny togtatdy, ýöne BSG we ÝB-niň derman senagatyna gözegçilik gullugy sanjymyň howpsuzdygyny tassyklandan soňra, olar muny ulanmagy dowam etdirdiler.

XS
SM
MD
LG