Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG wekili täze gyrgyz prezidentini ynsan hukuklarynyň dialogy üçin  bilelikdäki edarany döretmäge çagyrýar


BMG-niň baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Natalýa German. Arhiw suraty.
BMG-niň baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Natalýa German. Arhiw suraty.

BMG-niň baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Natalýa German gyrgyz prezidenti Sadyr Žaparowa BMG-Gyrgyzystan Adam hukuklary dialogynyň döredilmegini teklip etdi. Bu zerur maglumatlaryň hem-de ekspert goldawynyň öz wagtynda üpjün edilmegine ýardam berer.

Gyrgyzystanyň prezidentiniň metbugat gullugyna görä, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň baştutany hem bolan German 30-njy martda Bişkekde Žaparow bilen gepleşik geçirdi.

Taraplar, oktýabryň ortalarynda parlament saýlawlarynyň netijelerine protest bildirilip, hökümete garşy geçirilen protestleriň arasynda öňki prezident Sooronbaý Žeenbekowyň mejbury işden çekilmeginden soňra iş başyna geçen Žaparowyň badalga beren reformalaryny hem ara alyp maslahatlaşdy.

Öňe sürülýän konstitusiýa üýtgetmeleri prezidentiň ygtyýarlyklaryny ep-esli giňeltmegi we rugsat berilýän prezidentlik möhletini bir gezekden iki gezege uzaltmagy maksat edinýär.

Gyrgyzystanda köpler 10-njy ýanwarda çalt guralan prezident saýlawynda ýeňiş gazanan Žaparowy konstitusiýany üýtgetmek arkaly has awtoritar dolandyryş ulgamyny getirmäge synanyşmakda tankyt edýärler. Žaparow bu aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG