Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ gündogar Ukrainadaky dartgynlylygyň arasynda rus goşun hereketleri baradaky habarlara alada bildirdi


Ukrain harby gullukçylary gündogar Donetsk regionyndaky rus goldawly separatistler bilen aradaky front çyzygynda. 2021-nji ýylyň fewraly.
Ukrain harby gullukçylary gündogar Donetsk regionyndaky rus goldawly separatistler bilen aradaky front çyzygynda. 2021-nji ýylyň fewraly.

Birleşen Ştatlary Ukrainanyň serhedinde we Krymda rus goşunlarynyň köpelendigi baradaky habarlaryň arasynda Russiýanyň Ukraina garşy dowam edýän agressiýasyna alada bildirýär.

Döwlet sekretary Antoni Blinken ukrain kärdeşi Dmytro Kuleba bilen telefonda gürleşdi, ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy general Mark Milli Russiýanyň we Ukrainanyň ýokary derejeli harby ýolbaşçylaryna jaň etdi diýip, Döwlet departamenti we Pentagon 31-nji martda aýtdy.

Blinken “Russiýanyň dowam edýän agressiýasynyň garşysynda” Ukraina goldawyny tassyklady we gündogar Ukrainadaky howpsuzlyk şertlerine alada bildirdi” diýip, Döwlet departamenti aýtdy.

Goranmak departamentiniň metbugat sekretary Jon Kirbi Ukrainanyň serhet ýakasynda rus goşun hereketleri barada Ukrainanyň harby hasabatlaryndan Pentagonyň habarlydygyny aýtdy.

“Russiýanyň durnuksyzlaşdyryjy hereketleri geçen iýulda ÝHHG-nyň araçylygynda gazanylan dartgynlylygy azaltmak tagallalarynyň ähmiýetini pese gaçyrýar” diýip, Kirbi brifingde aýtdy.

ÝHHG-nyň Ukrainadaky Ýörite synçy missiýasy soňky günlerde ýaraşygyň ýüzlerçe gezek bozulandygyny habar berdi. 26-njy martda ýurduň gündogar böleginde dört ukrain esgeri öldürildi we ýene ikisi ýaralandy.

Ukrain goşuny öz esgerleriň minomýot hüjüminden ejir çekendigini aýtdy we munuň bilen baglylykda rus goşunlaryny aýyplady.

Russiýa gündogar Ukrainada separatistleri goldaýar we ol ýere bolan harby gatnaşygyny inkär edýär.

XS
SM
MD
LG