Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Autizmli çagasy bolan eneleriň her güni uruşdaky ýaly"


Duşenbedäki autizm merkezi. Täjigistan
Duşenbedäki autizm merkezi. Täjigistan

Ýakynda, has takygy 2-nji aprelde Bütindünýä autizm barada habarly bolmak güni bellendi. Soňky döwürde artyp barýan bu dert bilen baglanyşykly Täjigistanda autizmden ejir çekýänlere kömek merkezi işleýär. Bu ýerde näsaglaryň köpçülige gatnaşyp gitmegi hem jemgyýete goşulyşyp ýaşamagy üçin ýardam edilýär.

Duşenbe şäherindäki «Iroda» («Erk») merkezinde autizmden ejir çekýän çagalar her gün dürli ösüş maksatnamalaryna gatnaşýarlar. Merkeziň terbiýeçileri autizmli adamlaryň ösüş maksatnamasynyň has giň gerim almagy üçin, dürli ýardamlaryň hem kömegiň, şol sanda maliýe kömeginiň gerekdigini aýdýarlar.

Autizm spektriniň bozulmalary (ASD) şahsyýetde jemgyýetden üzňeligi emele getirýär, olaryň aragatnaşyk we sözleýiş ukybynyň bozulmagy, şeýle hem her bir şahsa mahsus bolan gyzyklanmalaryň pesligi we hereketiň örän dar derejede bolmagy bilen häsiýetlendirilýär. ASD beýleki dertler, aýratyn-da köplenç epilepsiýa, depressiýa, was-was ýagdaýa düşmek we üns ýetmezçiligi giperaktiwligi ýaly agyr näsazlyklar bilen baglanyşykly bolup bilýär. Olaryň intellektual derejesi agyr şertlerden, ýokary ukyba çenli ýetip bilýär.

«Iroda» dikeldiş merkeziniň işgärleri ösüş maksatnamalaryna birnäçe aýyň dowamynda gatnaşýan autizmli çagalaryň özüni alyp barşynda görnetin üýtgeşmeleriň bolýandygyny öňe sürýärler. Täjigistandaky «Iroda» merkezi autizmden ejir çekýänlere köpçülik bilen aragatnaşyk saklamagy we jemgyýete garyşyp ýaşamagy öwretmekde, ilkinji kömek guramalaryň birine öwrüldi. Bu gurama 2008-nji ýylda, ASD çagalary bolan ene-atalaryň birleşigi hökmünde döredildi. Merkezde ene-atalar we hünärmenler üçin yzygiderli seminarlar hem-de türgenleşik okuwlary geçirilýär.

Mugallyma Saýýora Muhammadiýewa çagalardaky autizmiň olaryň her biriniň özüni alyp barşyna häsiýetlidigini aýdýar. “Biz çagany aýratynlykda gowy öwrenip, soňra onuň bilen işlemeli. Hiç zada düşünmeýän çagalar bar. Reňkleri tapawutlandyryp bilmeýänler hem bar. Sapagyň barşynda bu üýtgeşmäni görýäris "diýip, ol aýdýar.

«Iroda» merkezindäki terbiýeçileriň köpüsi autizm spektri bozuk çagalaryň ene-atalarydyr.

«Çagalar bagynda bolmak meniň çagam üçin gaty kyn düşdi, onuň näme isleýänine ne çagalar, ne-de terbiýeçiler düşündiler. Autizmli çagalaryň aýratyn gylyk-häsiýetiniň bardygy sebäpli, düzgün boýunça olar mekdebe çenli çagalar edaralaryna kabul edilmeýär. Şeýle çagalar köpçülik bilen gatnaşygy başarmaýar, olar üçin beýle ýagdaýa amatsyz. Mekdepde-de mugallymlaryň köpüsi autizmli çagalar bilen nädip aragatnaşyk saklajagyny bilmeýär. Biz soňky 4-5 ýyl bäri mugallymlar üçin ýörite türgenleşik okuwlaryny geçirýäris, mundan olar köp zat öwrendiler» diýip, terbiýeçi Gülýana Rahimowa aýdýar. Onuň sözlerine görä, autizmli çagalara bakjada-da, mekdepde-de aýratyn garaşyk gerek, ýöne olara garaşyk etjek adamy tapmak ene-atalaryň hemmesine başardyp duranok.

Lola Nasriddinowa
Lola Nasriddinowa

«Iroda» merkeziniň direktory Lola Nasriddinowanyň aýtmagyna görä, ASD bolan çagalar jemgyýetde, ýagny köpçüligiň täsirinde bolmagy babatynda, onuň töwerek-daşyna gyzyklanmasynyň hem hereketiniň çäklidigi sebäpli, örän uly aýratynlyga eýedir, olaryň jemgyýet bilen gatnaşygy çylşyrymly. «Hut şonuň üçinem olar bilen sapak geçilende, terbiýeçileriň ähli ownuk zatlara üns bermekleri gerek; çaga size nähili seredýär, siziň sözleriňe jogap hökmünde nähili gülýär» diýip, Lola Nasriddinowa aýdýar.

Saýýod Gurbonmamadow autizmden ejir çekýänleriň biri. Ol üç aýlap «Iroda» merkezine gatnansoň, kompýuter programmalaryny ulanmagy öwrendi, ýene iki aý hem tejribe geçdi. “Şol tejribelerden soň meni bu ýere işlemäge çagyrdylar. Bu merkezde bir ýyl bäri işleýärin" diýip, Saýýod aýdýar.

Duşenbe şäheriniň ýaşaýjysy Fazliddin Nasriddinow 19 ýaşly oglunda autizmiň agyr görnüşiniň bardygyny aýdýar. “Oglum henizem ýönekeý zatlary-da başaryp bilmeýär, hatda iligini ildirmegi-de başarmaýar. Beýle çagalar bütin ömrüne kömege mätäç. Elbetde, autizmiň has ýeňil görnüşine duş bolan çagalar hem bar. Autizmli çagalaryň ählisiniň ejeleri ägirt agyr psihologiki basyşy başdan geçirýärler. Olaryň ruhy azaby uruşdan gaýdyp gelenleriň derejesine deň. Autizmli çagasy bolan eneleriň her güni uruşdaky ýaly” diýip, Fazliddin Nasridinow aýdýar.

Geçen on ýylyň dowamynda autizmli çagalaryň 2000-e golaýy «Iroda» merkeziniň dürli ösüş maksatnamalaryna gatnaşdylar.

Täjigistan Respublikasynyň psihonewrologiýa merkezinde 18 ýaşa çenli bolanlardan 3500 näsag hasaba alyndy, olaryň 300-e golaýy autizm spektri bozulmalar hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, jemgyýetçilik guramalary autizmli näsaglaryň sany resmi görkezijilerden iki esse köp diýip hasaplaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG