Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hristianlar Pasha baýramyny COVID-19 çäklendirmelerinde geçirmäge mejbur boldular


Hristian Pasha baýramçylygynyň adaty bezegleri
Hristian Pasha baýramçylygynyň adaty bezegleri

Bütin dünýäde hristianlar pasha ýekşenbesini koronawirus çäklendirmeleri şertlerinde bellediler, ikinji ýyl ybadat hyzmatlaryny kiçi göwrümde ýa-da onlaýn görnüşde geçirildi, adaty uly ýörişleri hem üýşmeleňler ýatyryldy.

Hristianlaryň 4-nji aprelde bellenýän iň şatlykly baýramy şu ýyl köp ýurduň ilatyň saglygyna howp salýan has ýokanç koronawirus ştamlarynyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen täze izolýasiýa girişdi.

Iýerusalimde Isanyň haça çüýlenendigine, jaýlanandygyna we soň direlendigine ynanylýan ýerde baş katolik kelisasynda dini ybadat geçirildi.

Watikanda Rim papasy Fransisiň Sankt-Peter ybadathanasyndaky dini çäresi 200-e golaý adamyň gatnaşmagynda geçirildi we oňa köpçüligiň gatnaşmagyna rugsat berilmedi.

Fransis pandemiýa çäreleriniň dini baýramçylyk däplerine täsir edendigini we käbir dinçileri köpçülik ybadatlaryndan uzaklaşdyrýandygyny aýdyp, çäklendirmeleriň ýatyrylmagyny we her kime Hudaýa erkin doga-dileg etmegine rugsat berilmegini isledi.

Pandemiýanyň soňuna çykmak we onuň döredýän görgüleri baradaky çykyşlar dünýädäki ybadathanalaryň ençemesinde eşidildi.

XS
SM
MD
LG