Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe agdarlyşyk gurnamak şübhesi esasynda pensiýa çykan 10 admiraly tussag etdi


Gara deňiz, Stambul (illýustrasiýa suraty)
Gara deňiz, Stambul (illýustrasiýa suraty)

Döwlet metbugatynyň 5-nji aprelde habar bermegine görä, Gara deňziň harbylaşdyrylmagynyň öňüni almak üçin döredilen Montreu konwensiýasynyň Türkiýäniň howpsuzlygy üçin ähmiýetini tassyklaýan açyk hata gol çeken pensiýa çykan 10 türk admiraly tussag edildi.

Anadoly habar gullugyna görä, ýene dört adama üç günüň dowamynda polisiýa barmak tabşyrylypdyr.

Deňiz güýçleriniň 104 sany öňki ýokary derejeli wekilleri tarapyndan gol çekilen açyk haty türk resmileri dessine ýazgardylar we muny harby güýçleriň ýurduň raýat hökümetine gönüden-göni täsir ýetirmek synanyşygy hökmünde kabul etdiler.

Prezidentiň metbugat sekretary Ybraýym Kalin bu hatda hökümeti agdarmak üçin harby meýilnamanyň alamatlarynyň bardygyny aýtdy.

"Pensiýa çykan harbylaryň bir topary harby agdarylyşyk döwrüni ýatladýan sözleri bilen özlerini gülkünç we betbagt ýagdaýa salýar" - diýip Kalin aýtdy.

NTV teleradiokanalynyň habar bermegine görä, 4-nji aprelde prokurorlar pensiýa çykan admirallara "döwletiň howpsuzlygyna we konstitusiýa tertibine garşy jenaýat etmek barada ylalaşmakda" şübhe bildirip, derňew işine başlapdyr.

Geçen aýda Türkiýe Stambulyň demirgazyk tarapynda Gara deňzi günortadaky Marmara deňzi bilen birleşdirýän ullakan kanal gurmak planyny tassyklady.

Türkiýäniň resmileri munuň konwensiýanyň täsiri astyna düşmejegini aýtdylar.

Pensiýa çykan admirallar Türkiýäniň "Montreu konwensiýasyny sorag astyna goýup biljek islendik beýanatlara we hereketlere" ýol bermeli däldigini aýtdylar.

Olar bu konwensiýany “Türkiýäniň bütewi galmagy meselesinde möhüm şertnama” diýip atlandyrdylar.

XS
SM
MD
LG