Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB resmileri Türkiýä sapar edip, özara gatnaşyklary täzeden başlatmagy maksat edinýärler


Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Çarles Miçel (arhiw suraty)
Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Çarles Miçel (arhiw suraty)

Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli iki resmisi, Ankara bilen migrasiýa we beýleki meseleler boýunça ençeme ýyllap dowam eden ylalaşmazlyklardan soňra, 6-njy aprelde Türkiýä sapar edip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary gowulandyrmak maksady bilen, prezident Rejep Taýyp Erdogan bilen gepleşikleri geçirýär.

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Çarles Miçel we Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Leýen Erdogan bilen duşuşyp, ykdysady we diplomatiki meseleleri maslahat ederler.

ÝB liderleri geçen aý Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy täzeden başlatmak boýunça ýol kartasy barada ylalaşdylar. Emma resmiler munuň Erdoganyň özara gatnaşyklarda “täze sahypany” açmak meýline nä derejede ygrarly boljakdygyna baglydygyny belleýärler.

Ankara Brýussele basyş edip, milliardlarça ýewro hemaýatyň öwezine, Ýewropa Bileleşigine geçýän köp sanly migrantyň öňüni almak boýunça ylalaşygyň täzelenmegini isleýär.

Taraplaryň ikisi-de birek-biregi ylalaşygyň şertlerini bozmakda aýyplaýar.

Türkiýe ÝB-niň wada beren pullaryny geçirmändigini aýdýar. Brýussel bolsa Ankaranyň eýýäm Bileleşige geçen migrantlary yzyna almaga razy bolmalydygyny aýdýar.

ÝB Türkiýeden Liwiýadaky, Siriýadaky we Daglyk-Garabagdaky konfliktleriň çözgüdine “oňaýly goşant goşmagyny” hem isleýär.

XS
SM
MD
LG