Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ, Eýran Wenada Ýadro ylalaşygy boýunça gepleşik geçirýärler


2015-nji ýylda Eýranyň ýadro ylalaşygyna gelen taraplar (arhiw suraty)

ABŞ we Eýran resmileri, Ýewropa Bileleşiginiň araçylyk etmeginde 6-njy aprelde Wenada geçýän gepleşikleriň öňüsyrasynda, munuň netijeleri boýunça garaşylýan uly tamalary üzdüler. Bu Waşingtonyň 2015-nji ýyldaky Eýranyň ýadro ylalaşygyndan çykmagyndan bäri geçirilýän iň gönümel gepleşiklerdir.

Waşington gepleşikleriň “agyr” boljakdygyny, şeýle-de munuň netijesinde uly öňegidişlige garaşmaly däldigini duýdurdy.

Tähran gepleşikleriň netijeleri boýunça “ne oňaýly, ne-de oňaýsyz” tamalarynyň bardygyny aýtdy, şeýle-de özüniň islendik bir herekete geçmezinden ozal, ABŞ-nyň ähli sanksiýalarynyň aradan aýrylmalydygy baradaky talabyndan el çekmejekdigini belledi.

Bu ABŞ we Eýran resmileriniň ylalaşygy saklap galmak boýunça öz aralaryndaky ilkinji möhüm gepleşigi bolup, oňa Ýewropa resmileri araçylyk edýärler.

Gepleşiklere Ýadro ylalaşygyna gol goýan taraplaryň her biriniň, ýagny Britaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Birleşen Ştatlaryň we Eýranyň wekilleri gatnaşýarlar.

Prezident Jo Baýden ylalaşygy dikeltmäge taýýardygy baradaky meýillerini ýaňzytdy, emma onuň administrasiýasy Eýranyň ilki ýadro borçnamalaryna dolanmalydygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG