Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalnynyň saglyk ýagdaýy barada aýdyňlyk soran “Lukmanlaryň Ýaranlygynyň” başlygy saklandy


Polisiýa “Lukmanlaryň Ýaranlygy” kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Anastasiýa Wasiliýewany saklaýar. 6-njy aprel, 2021 ý.
Polisiýa “Lukmanlaryň Ýaranlygy” kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Anastasiýa Wasiliýewany saklaýar. 6-njy aprel, 2021 ý.

Russiýada “Lukmanlaryň Ýaranlygy” kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Anastasiýa Wasiliýewa we Alekseý Nawlnynyň egindeşleri Kremliň tankytçysynyň saklanýan türmesiniň daşynda polisiýa tarapyndan saklandylar. Olar rus oppozisiýa lideriniň saglyk ýagdaýynyň aýdyňlaşdyrylmagyny we oňa “talaba laýyk” bejerginiň berilmegini soradylar.

Mundan öň, Nawalny bedenindäki ýokary temperatura we üsgülewüge şikaýat edeninden soň, hassalaryň otagyna geçirilipdi.

Nawalnynyň 5-nji aprelde özüniň Instagram hasabynda aýtmagyna görä, onuň toparyndan eýýäm üç adam tuberkulýoz, ýagny inçekesel alamatlary bilen keselhana ýerleşdirlipdir, şeýle-de onuň özüniň beden temperaturasy 38.1 gradusa ýetipdir.

Saglygy saklaýyş kärdeşler arkalaşygynyň başlygynyň orunbasary Sergeý Rybakow 5-nji aprelde “Nastoýaşeýe Wremýa” telekanalyna interwýu berip, onda Nawalnynyň saklanýan türme hassahanasynda “professional lukmanlaryň” bolmagyna garamazdan, olarda hassa gerekli hemaýaty berer ýaly ýeterlik enjamlarynyň ýokdugyny aýtdy.

“Olar [Nawalnyda] ýokanç keseliň alamatlary döräninden soňra, ony üzňeleşdirdiler. Bu gowy. Emma ony diňe üzňeleşdirmek ýeterlik däl, oňa talaba laýyk bejergi berilmeli” diýip, Rybakow belledi. Ol ýaranlygyň Nawalnynyň saklanýan türmesiniň golaýynda oňa goldaw hökmünde “ynsanperwer çäresini” geçirjekdigini hem sözüne goşdy.

Rus prezidenti Wladimir Putiniň ýiti tankytçysy Nawalny Moskwadan 100 kilometr uzaklykda ýerleşýän 2-nji düzediş koloniýasynda saklanýar. Nawalny öz Instagram hasabynda ol ýerdäki agyr şertler barada maglumatlary çap etdi.

Ol has gowy şertleriň üpjün edilmegini talap edip, açlyk yglan etdi.

Nawalnynyň türmä basylmagy halkara tankytlaryna sezewar boldy. Birleşen Ştatlar we onuň ýaranlary Nawalnynyň şertsiz ýagdaýda azat edilmegine çagyrýarlar we onuň zäherlenmegi bilen ilteşikli şahyslary jogapkärçilige çekmegini dowam etdirjekdiklerini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG