Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyzyl deňizde Eýranyň gämisinde partlama döredi


 Gyzyl deňizde Eýranyň MV Sawiz gämisiniň satelit arkaly alnan suraty. Oktýabr, 2020 ý.
Gyzyl deňizde Eýranyň MV Sawiz gämisiniň satelit arkaly alnan suraty. Oktýabr, 2020 ý.

Eýranyň Yslam Respublikasynyň Goragçylary Korpusy tarapyndan ulanylýan bir gämä, Gyzyl deňizde Ýemeniň kenaryndan çykanyndan soň, partlama sebäpli zeper ýetdi.

Goragçylaryň Korpusy bilen ilteşikli habar gullugynyň maglumatyna görä, 6-njy aprelde Iran Sawiz atly ýük gämisinde ýerleşdirilen partladyjy ýarylypdyr.

7-nji aprelde Eýranyň daşary işler ministrliginiň metbugat wekili hadysany tassyklady we ony "hüjüm" diýip atlandyrdy, şeýle-de bu waka boýunça "derňewiň dowam edýändigini" aýtdy. Ol hadysada adam pidalarynyň bolmandygyny hem sözüne goşdy.

Bu fewraldan bäri Ysraýylyň we Eýranyň eýeçiligindäki ýük gämilerine garşy edilen hüjümleriň fonunda bolup geçdi. Ganym duşmanlar hüjümleriň jogapkärçiligi babatynda birek-biregi aýypladylar.

The New York Times Goragçylaryň Korpusy bilen ilteşikli sosial medialara salgylanyp, hüjümi Ysraýylyň amala aşyran bolmagynyň çaklanylýandygyny aýtdy. Neşir Ysraýylyň bu maglumaty tassyklamandygyny belledi. Şol bir wagtda, ol atlandyrylmadyk ABŞ resmisiniň Ysraýylyň bu hüjüme ilteşigi barada Birleşen Ştatlary habardar edendigi baradaky sözlerini hem getirdi.

Bu hadysa Wenada ABŞ-nyň, Eýranyň we beýleki döwletleriň 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygyny dikeltmek boýunça başlan gepleşiklerinden birnäçe sagat soň ýüze çykdy. Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bu ylalaşyga düýpgöter garşy çykýar.

ABŞ-nyň harbylarynyň Merkezi Komandowaniýesi “Mediadaky Gyzyl deňizde Sawiz bilen bagly ýüze çykan hadysa baradaky maglumatlardan habarlydygyny” aýtdy, şeýle-de “Biz Birleşen Ştatlaryň güýçleriniň bu hadysa ilteşiginiň ýokdugyny tassyklap bilýäris” diýip, sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG