Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Men ynanman!" Dünýä liderlerinden kimler COVID-19 bardygyny gahar-gazaply ret edýär?


Braziliýada prezident Žair Bolsonaronyň COVID-19 ykrar etmeýän syýasatyna garşy geçirilýän demonstrasiýa. 2021-nji ýylyň ýanwary.
Braziliýada prezident Žair Bolsonaronyň COVID-19 ykrar etmeýän syýasatyna garşy geçirilýän demonstrasiýa. 2021-nji ýylyň ýanwary.

Aleksandr Lukaşenkany, Žair Bolsonarony, Gurbanguly Berdimuhamedowy, Andres Manuel Lopes Obradory, Jon Magufulini, başga-da örän dürli ýurtlaryň ýolbaşçylaryny bir syýasat – owal başdan koronawirusyň bardygyny ykrar etmezlik hem onuň getirip biljek howpundan ätiýaç etmezlik birleşdirýär, olar şeýle zadyň bardygyny toslanyp tapylan hasapladylar. Öz halkyny koronawirusdan goramak üçin hiç bir iş ýa-da düýpli çäre görmediler.

ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Tramp Ak tamdan çykanda, ähli garşydaşlary tarapyndan özüne bildirilýän esasy aýyplamalaryň biri, onuň COVID-19-a garşy tutuş ýurt boýunça berk karantini we beýleki öňüni alyş çärelerini girizmekden ýüz öwürmegi boldy, netijede ýarym milliondan gowrak amerikalynyň ölmegine rugsat berdi. Amerikanyň Birleşen Ştatlary pandemiýa sebäpli 568 müňden gowrak adamy ýitirdi, bu bolsa ABŞ-yň XX asyrda uruşlara gatnaşanlaryň ählisiniň ýitgisinden hem köpdür.

Aslynda Trampyň özi-de bu derde ýoluksa-da, täze koronawirusyň howpy bilen jedelleşmegini dowam etdirýär. Şeýle-de bolsa, häzir birnäçe bilermenler onuň saýlan taktikasynyň beýle erbet bolmandygyny aýdýarlar. ABŞ pandemiýanyň iň erbet döwrüni ykdysadyýetine we ilatyň umumy abadançylygyna agyr zyýan ýetirmän ýeňip bildi. Umuman aýdylanda, Donald Tramp koronawirusy iň erbet "inkär ediji" bolmandy.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka – aýratyn-da, geçen ýylyň awgust aýynda prezidentlik saýlawlaryny aç-açan galplaşdyrylan soň, hökümete garşy köpçülikleýin çykyş çärelerini aşa rehimsizlik bilen basyp ýatyrýan wagtynda, koronawirus bilen asla gyzyklanman, diňe kürsüsinde oturmak aladasy bilen boldy. Koronawirusyň geçen ýazyň ortasynda, iň güýçlenen wagtynda, Ikinji jahan urşunyň gutaran ýyl dönümi mynasybetli Minskide Ýeňiş parady geçirildi, oňa gatnaşan döwletiň ýokary derejeli işgärleriniň hiç biri maska dakynmady. Şol wagtyň özünde medisina işgärleri koronawirus hadysasy baradaky resmi statistikany inkär etdiler, ýurtda karantin girizilmedi, köp sanly tomaşaçy gatnaşan milli futbol ýaryşlary dowam etdirildi.

Aleksandr Lukaşenkanyň özi bolsa millete koronawirusdan halas bolmak üçin "hammamy, arak içmegi hem meýdanda traktorda işlemegi" maslahat berdi hem-de epidemiýa garşy çärelere mümkin boldugyça garşy çykdy. Şeýle-de bolsa, belaruslylaryň köpüsi bu kesele bolan ynamsyzlyga garşy durmagy dowam etdirýärler, öz islegi boýunça maskalary we beýleki dem alyş serişdelerini ulandylar, fiziki aralygy saklamaga çalyşdylar. Resmi maglumatlara görä (Belarusda başga maglumat ýok) häzire çenli Belarusda COVID-19-dan 2300 adam ýogaldy.

Öňki Sowet Soýuzynyň çägindäki beýleki bir diktator, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (asyl hünäri wraç) mundan has öte geçdi, ýurtda epidemiýanyň ýokdugyny, hatda SARS-CoV -2 wirusyny ret etdi. Dünýäniň iň ýapyk ýurtlaryndan biri bolan Türkmenistanda koronawirus resmi taýdan ykrar edilmedi we ondan kesellän ýok diýilýär. Türkmen häkimiýetleri hatda gündelik durmuşda "koronawirus" sözüniň ulanylmagyny-da gadagan etdiler. “Koronawirus” sözi döwlet habar beriş serişdelerinde-hä däl, eýsem mekdeplerde we klinikalarda paýlanýan, maslahat beriji lukmançylyk maglumat ýazgylarda-da ýok.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň habar bermegine görä, köçede koronawirus barada islendik gürrüň edýänler tussag edilip bilner. Mundan başga-da, kanun goraýjy edaralaryň işgärleri medisina edaralarynda beýleki raýatlaryň arasynda durup, adamlaryň gürrüňlerini diňleýärler. Şol bir wagtyň özünde, ýurtda aýdyň edilmedik ýagdaýda, ýokançlygyň ýaýramagyna garşy çäreler görüldi. Geçen ýyl Berdimuhamedowyň özi hem balyk tutmaga baranda, maska dakynýandygyny köpçülige görkezdi.

Braziliýanyň Amazondaky baş şäheri Manausda COVID-19 pidalarynyň jaýlanyşy. 2021-nji ýylyň ýanwary.
Braziliýanyň Amazondaky baş şäheri Manausda COVID-19 pidalarynyň jaýlanyşy. 2021-nji ýylyň ýanwary.

213 milliondan gowrak ilaty bolan Braziliýa COVID-19 keseline ýoluganlaryň mukdary hem-de ol infeksiýadan her 100 müň adama düşýän ölüm derejesi boýunça, ABŞ-dan soň ikinji orunda durýar. Bu ýurtda 2021-nji ýylyň aprel aýynyň başynda, täze koronawirusdan 331 müňden gowrak adamyň ölendigi hasaba alyndy, 13 milliona golaý adam bolsa ol infeksiýa ýolukdy. Şol bir wagtyň özünde, daşary ýurtly bilermenleriň pikirine görä, Braziliýada epidemiýanyň hakyky gerimi resmi derejeden 15 esse ýokary bolup biler.

Şeýle-de bolsa, Braziliýanyň prezidenti Žair Bolsonaro pandemiýa sebäpli häzirki reýtinginiň düýpgöter peselmegine we uly syýasy krizis bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyna garamazdan, koronawirusyň bardygyna ynanman gelýär hem-de bolýan ýagdaýy "kiçijik gripleşme” ("gripezinha") atlandyrýar. Ol karantini we beýleki hökümetler tarapyndan görülýän çäreleri yzygiderli masgaralaýar.

Bolsonaro koronawirus howpuny inkär etmek bilen ylalaşmakdan boýun gaçyran birnäçe ministri yzly-yzyna wezipeden boşadandan soň, medisina edaralary iş ýüzünde işlemeýär diýen ýaly. Golaýda Braziliýanyň prezidenti ýene bir gezek: "bu ‘dümewjigi’ meniň halkym kabul etmeýär, sebäbi ilatyň ýarysy mydama diýen ýaly ganawlarda ýaşaýandygy üçin, olara hiç zat bolmaýar" diýip çykyş etdi. Kesel ýokuşmagyndan hem şol bir wagtyň özünde hiç hili kömek alyp bilmejeginden gorkýanlara bolsa Bolsonaro "aglamagy bes etmegi" maslahat berdi: "Zeýrençler hem aglar ýeterlik! Biz haçana çenli aglamaly bolarys? Biziň hemmämize gorky sanjymyny etdirmek gerek!" diýip, twitterde ýazdy.

Latyn Amerikasynyň başga bir lideri COVID-19 bilen agyr kesellese-de, oňa gülmegi bes etmedik Meksikanyň prezidenti Andres Manuel Lopez Obrador saýylýar. Koronawirus hakda sorag berlende, her gezek egnini ýygryp, öz hyýalyňyzda Hudaýa ýüzleniň diýip maslahat berýär. Epidemiýa wagtynda Meksikada SARS-CoV-2 wirusyndan 204 müňden gowrak adam ýogaldy. Mundan bir ýyl ozal Obrador ýurduň ähli ýaşaýjylaryna diňe bir maslahat berdi: "Her dürli gorkunç ýagdaýlar barada az pikirleniň-de, adaty durmuşyňyz bilen boluň".

Obrador ýurtda korrupsiýa hem neşe mafiýasy köki bilen ýok edilenden soň lukmançylyk maskasy ýa-da respiratory dakynyp bolar diýip, munuň gaty uzak geljekde boljagyny duýdurdy. Golaýda Meksikanyň Saglygy saklaýyş ministrligi ünsi çekmezlik synanyşygy bilen keseliň ýaýramagynyň derejesi barada hasabat çap etdi. Ol ýerde gytaklaýyn aýdylyşyna görä, koronawirusdan ölýänleriň we oňa ýoluganlaryň sanynyň resmi maglumatdan 60% köp bolmagynyň mümkindigi aýdylýar. Andres Manuel Lopez Obradoryň özi boýnundan hindi tumaryny asyp gezýär hem onuň sözüne görä, ol bar zatdan goraýar.

Geň tarapy prezidentinden tapawutlylykda, geçen ýyl Meksikanyň demirgazygynda we merkezi ştatlarynda ýerli neşe kartelleri koronawirus epidemiýany garyplaryň arasynda öz abraýyny ýokarlandyrmak üçin peýdalandylar. Neşe garakçylary tarapyndan hakyna tutulan meýletinçiler mätäçlere dezinfeksiýa serişdeleri, maskalary, gyzgyny peseldiji dermanlary, sabyn we ş.m. ýaly ýönekeý zatlary paýladylar, hatda pul kömegi hem berildi. Berilýän kömek täze hem berk karton gutularda ýa-da plastik paketlerde bolup, ol gaplar jenaýatçy toparlaryň atlary, kä hatda ýolbaşçylarynyň suraty bilen bezeldi. Şol bir wagtyň özünde, Meksikada her günde 100-120 adam jenaýatçylar tarapyndan öldürilýär.

Twitterden alnan suratda Meksikanyň iň meşhur neşe hojaýyny "El Çapo" lakamly, Joaquin Guzman Loeranyň gyzy köçede bir garyp adama öz kakasynyň portreti goýlan sowgat gapyrjagyny gowşurýar.

Nikaraguanyň "ebedi" prezidenti Daniel Ortega hem onuň aýaly Rosario Murillonyň (adamsy ýuwaş-ýuwaşdan pikirini ýitirenden soň, ol döwletiň hakyky hökümdary hasaplanýar) pandemiýa baradaky reaksiýasyny düşündirmek kyn. Adamlary baýramçylyk ýörişlerine, wagtal-wagtal köçelere çykmaga çagyrýan Sandinista sosialistleri “COVID-19 döwründe söýgi” atly hereketi öňe sürýärler. Elbetde, bu kolumbiýaly ýazyjy, jadyly realizmiň ussady Gabriel Garsiýa Markesiň 1985-nji ýylda neşir edilen "Mergi döwründäki söýgi" atly meşhur romanynyň atlandyrylyşyna öýkünmedir. Şeýle-de bolsa, ne jadyly realizm, ne-de söýgi Merkezi Amerikanyň iň garyp ýurdy bolan Nikaragua epidemiýa garşy göreşmäge kömek etmän gelýär. Ortega hökümetiniň bir ýyldan gowrak wagtyň içinde ýurtda täze koronawirus ýokaşmasyndan, ölenleriň 200 adama hem ýetmeýändigi baradaky resmi maglumaty bilermenlerde ýaňsyly gülkini döretdi.

Tanzaniýanyň iň uly şäheri Dar-es-Salamdaky ybadathanada, koronawirus epidemiýasyndan gutulmak üçin geçirilýän doga-dileg çäresi. 2021-nji ýylyň apreli.
Tanzaniýanyň iň uly şäheri Dar-es-Salamdaky ybadathanada, koronawirus epidemiýasyndan gutulmak üçin geçirilýän doga-dileg çäresi. 2021-nji ýylyň apreli.

"Eger sen koronawirusa ýolugan bolsaň, jübiňde-de gara şaýy bolmasa, umytsyz galma ýa-da gorkma – diňe öz peşewiňi iç, bar zat gowy bolar." Takmynan şeýleräk maslahat bilen Ýer togalagynyň beýleki tarapynda ýerleşýän Tanzaniýanyň prezidenti, beýleki bir awtoritar populist prezident Jon Magufuli halka maslahat beripdi. Ol mart aýynyň ortalarynda 61 ýaşynda, resmi taýdan näbelli bir sebäp bilen aradan çykdy. Birden köpçülige çykmagyny bes edensoň, garşydaşlary prezidentiň goňşy Keniýada COVID-19 bilen keselhana ýerleşdirilendigini aýtdylar.

Jon Magufuli ýurtda karantini girizmedi hem-de özüni goldaýanlara doga-dileg we jadygöýlik däp-dessurlary bilen koronawirusdan gutulmagy maslahat berdi, sanjymlaryň üstünden güldi, özi maska dakynmady, şol wagtyň özünde ýurt boýunça täze koronawirus infeksiýasyndan kesellänleriň sany barada statistika çap etmedi. Tanzaniýanyň prezidenti bu ýagdaýy "Günbatar ylmyna" ynanmaýandygy bilen düşündirdi. Jon Magufuli: "Men çäklendirme gadagançylygyny yglan etmerin, sebäbi Hudaý bizi gorar!" diýip, tä ölýänçä diýen ýaly gaýtalady. Ol öz ogluny bugly dem alyş usuly bilen bejerendigini aýtdy.

Resmi maglumatlara görä, 60 million ilatly Tanzaniýada COVID-19 infeksiýasyndan diňe 21 adam ölüpdir. Ýurduň saglygy saklaýyş ministri Doroti Gwajima ýakynda Tanzaniýanyň ABŞ-da, Ýewropada, Russiýada ýa-da Hytaýda öndürilen sanjym dermanlarynyň, hatda mugt berilse-de alynmajakdygyny, islendik sanjymyň ret edilýändigini tassyklady. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň awtonom sebiti, Zanzibar adasy pandemiýa döwründe dünýäde açyk duran az sanly syýahatçylyk merkezleriniň biri boldy hem birdenkä dünýäniň iň meşhur dynç alyş mekanyna öwrüldi.

GAVI sanjym bileleşiginiň habaryna görä, Tanzaniýadan başga-da Afrika ýurtlarynyň 62 sanysy, şol sanda Burundi, Madagaskar we Eritreýa mugt sanjymlardan ýüz öwürdiler. Madagaskaryň prezidenti Andri Radzuelina keseliň howpuny düýpden inkär etmeýär, ýöne mundan goranmak we bejergi ugurlaryny özüçe öňe sürýär. 2020-nji ýylyň maý aýynda ol žurnalistlere ýerli ýowşan kökünden taýýarlanan (birnäçe kesellere, şol sanda gyzzyrma ýaly keseli bejermekde kömek edýän dermanlyk ösümlik hökmünde tanalýar) Covid-Organics atly garyndyny hut özi hödürledi. Resmi maglumatlara görä, 30 milliona ýeter-ýetmez ilaty bolan ada döwletinde pandemiýa döwründe 460-dan hem az adam öldi diýilýär.

Material Azatlyk Radiosynyň Rus gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG