Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň derman düzgünleşdirijisi 30 ýaşa ýetmedik adamlara AstraZeneca waksinasyny maslahat bermeýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

AstraZeneca sanjymy bilen seýrek gan lagtalanmalarynyň arasynda ahmal bolan ilteşik bilen bagly subutnama sebäpli britan häkimiýetleri bu sanjymy 30 ýaşa ýetmedik adamlara maslahat bermeýär.

Bu maslahat 7-nji aprelde ÝB-niň derman düzgünleşdirijisi gan lagtalanmasynyň AstraZeneca sanjymynyň “örän seýrek” ters täsiri hökmünde hasaba alynmalydygyny aýtmagyndan soň berildi. Ýöne ÝB-niň derman düzgünleşdirijisi sanjymyň peýdalarynyň onuň zyýanyndan köpdügini aýtdy.

Geçen aý birnäçe ýerde ýüze çykan gan lagtalanmalary boýunça aladalar sebäpli käbir ýurtlar AstraZenecanyň ýaşyrak adamlaryň arasynda ulanylmagyny wagtlaýyn togtatdy.

Britaniýa bu sanjymy kabul eden adamlardan 19 adamyň gan lagtalanmalaryndan ölendigini habar berenden soň, eger mümkin bolsa, 30 ýaşa ýetmedik adamlar üçin AstraZenecadan başga sanjym hödürlejekdigini aýtdy.

Ýewropa Derman serişdeleri agentliginiň başlygy Emer Kuke (Emer Cooke) kornawirusyň ölüm howpunyň AstraZenecanyň ters täsiriniň ölüm howpundan has ýokarydygyny belledi.

Agentlik ýüze çykan hadysalaryň aglabasynyň sanjymyň kabul edilmeginden soň iki hepdäniň dowamynda 60 ýaşdan aşakdaky aýallarda ýüze çykandygyny aýtdy.

AstraZeneca waksinasy baradaky täze maglumat köp ýurt ýokanjyň täzeden ýaýramagy bilen ýüzbe-ýüz galýan mahaly hökümetleriň sanjym üpjünçiligini ýola goýmaga çalyşýan wagtlaryna gabat gelýär.

XS
SM
MD
LG