Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Facebook eýran hökümetine garşy çykan sürgün topary bilen ilteşikli hasaplary aýyrdy


Facebook we Twitter nyşanlary
Facebook we Twitter nyşanlary

Facebook eýran hökümeti barada tankydy maglumatlary paýlaşan sürgün topary bilen ilteşikli ýüzlerçe galp hasaby aýyrandygyny aýdýar. Bu hasaplar Yslam respublikasyny agdarmak isleýän Mujahedine Halk (MEK) toparyny goldaýardylar diýip, Facebook 6-njy aprelde galp hereketler barada çap eden hasabatynda aýtdy.

Facebook öz platformasyndan, şol sanda Instagramdan aýyran 300-den gowrak hasabyň, sahypanyň we toparlaryň Mujahedine Halkyň adyndan çykyş edýän adamlar tarapyndan Albaniýada şol bir lokasiýadan dolandyrylýandygyny anyklady.

Galp hasaplar 2017-nji ýylda we 2020-nji ýylyň ahyrynda örän işjeňdi diýip, kompaniýa aýtdy.

Olar möhüm auditoriýa emele getirmekde üstünlik gazanyp bilmedik hem bolsalar, Facebook olaryň sosial mediada esasan galp maglumat ýaýratmak üçin töleg kabul eden adamlardan ybarat “berk guramaçylykly trol fermasy” ýaly bolup görünýändigini aýtdy.

Mujahedine Halky hem öz içine alýan Eýranyň Garşylyk boýunça Milli geňeşi özi bilen ýa-da MEK bilen baglanyşykly hiç bir hasabyň aýrylmandygyny aýtdy.

ABŞ 2012-nji ýyla çenli MEK-i terror topary hasaplaýardy. Topar lobbi kampaniýalaryndan hem-de zorlukly söweşijiligi bes etmek wadalaryndan soňra terror toparlarynyň sanawyndan aýryldy.

XS
SM
MD
LG