Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni lideri Putinden Azerbaýjandaky uruş ýesirleri üçin kömek soraýar


Ermenistanyň premýer ministri Nikol Paşinýan (çepde) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin. 6-njy aprel, Moskwa.
Ermenistanyň premýer ministri Nikol Paşinýan (çepde) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin. 6-njy aprel, Moskwa.

Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan 7-nji aprelde Moskwa eden saparynyň dowamynda geçen ýyl Daglyk-Garabag üstünde turan gysga uruşda Azerbaýjan tarapyndan ýesir alnan onlarça uruş tussagynyň goýberilmegi üçin rus prezidenti Wladimir Putinden kömek sorady.

Geçen güýz Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda halkara derejede Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edilýän ýöne 1990-njy ýyllaryň başlaryndan bäri etniki ermeniler tarapyndan dolandyrylýan dagly anklawyň, Daglyk-Garabagyň üstünde uruş turdy.

Alty hepde dowam eden uruş Russiýanyň araçylygynda gazanylan ýaraşyk ylalaşygy bilen netijelendi. Bu ylalaşyga laýyklykda Daglyk-Garabagyň bir bölegi we onuň töweregindäki ýedi etrabyň ählisi tas 30 ýyllyk etniki ermeni güýçleriniň gözegçiliginden soň azerbaýjan administrasiýasyna berildi.

Şeýle-de, ylalaşyk front çyzygynyň ugruna we Ermenistan bilen jedelli territoriýany biri-birine baglaýan guryýer geçelgesine 2 müň töweregi rus parahatçylyk goraýjysynyň ýerleşdirilmegine ýol açdy.

Söweşde 6 müňden gowrak adam öldi.

Daglyk-Garabagyň ahyrky durumy çözülmezliginde galýar.

Azerbaýjanda saklanýan ermeni uruş ýesirleriniň sany barada resmi maglumat ýok, ýöne RBK habar agentligi 140 ermeniniň heniz hem Azerbaýjanda saklanýandygyny habar berdi.

Ol ýerde näçe azerbaýjan uruş ýesiriniň bardygy mälim däl.

XS
SM
MD
LG