Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň aňtaw hasabaty Orsýetiň gowşajagyny, ýöne geljek 20 ýylda ‘ýykyjy güýç’ boljagyny çaklaýar


Rus harbylary

ABŞ-nyň 8-nji aprelde çap eden hasabatyna görä, Russiýa ýakyn iki onýyllygyň dowamynda “ýykyjy güýç” bolup galar, emma köp sanly syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik päsgelçilikleri sebäpli dünýädäki täsirini peseldip biler.

ABŞ-nyň Milli aňtaw geňeşiniň her dört ýylda bir gezek taýýarlanýan hasabatynda global tendensiýalara we ýakyn 20 ýylda ABŞ-nyň milli howpsuzlyk gurşawyna täsir edip biljek ssenariýalara giňişleýin syn berilýär.

ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň ýokary derejeli analitikleri Orsýet babatdaky netijelerinde bu ýurdy, Hytaý bilen bir hatarda, günbatar institutlarynyň agdyklyk edýän halkara düzgünini Moskwanyň bähbitlerine laýyk gelýän şekilde üýtgetmäge çalyşýan, “güýçlenýän we täzeden seredýän” güýç hökmünde häsiýetlendirdi.

"Russiýa, beýleki esasy oýunçylara garanyňda maddy mümkinçilikleri pese gaçsa-da, geljek iki onýyllygyň köp böleginde ýa-da ähli wagtynda zyýan beriji güýç bolup galyp biler" diýip, hasabatda aýdylýar.

“Russiýanyň artykmaç harby güýçleri, köpçülikleýin gyryş ýaraglary, energiýa we mineral baýlyklary, giň ýurdy, demografiýasy we daşary ýurtlarda güýç ulanmak islegi oňa post-sowet giňişliginde we käte uzagrak ýerlerde hem bozujy we güýç dellaly roluny dowam etdirmek mümkinçiligini berip biler” diýip, aňtaw analitikleri pikir edýär.

Russiýanyň käbir syýasy we harby artykmaçlyklaryna garamazdan, maýa goýum şertleriniň ýaramazlygy, işçi güýjüniň durgunlygy, durnuksyz bahaly harytlara garaşlylygy we kiçi ykdysadyýeti sebäpli, bu ýurt "dünýä täsirini saklamak üçin çytraşyp biler" diýip, ABŞ-nyň aňtaw analitikleri aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG