Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birmanyň harby basyp ýatyrmalarynda 80-den gowrak adam öldürildi


Birma. Protestler wagtynda Hytaýyň we Orsýetiň ýakylan baýdaklaryny hem görse bolýar.
Birma. Protestler wagtynda Hytaýyň we Orsýetiň ýakylan baýdaklaryny hem görse bolýar.

Demokratiýa tarapdar protestçilere garşy geçirilen soňky basyp ýatyrmalar wagtynda Birmanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan 80-den gowrak adam öldürildi.

1-nji fewralda bolan harby agdarylyşykda raýat lideri Aung San Su Çi häkimiýetden çetleşdirileli bäri tutuş ýurt nägilelige gaplanyp, Mýanma diýlip hem atlandyrylýan Günorta-Gündogar Aziýa döwletinde zorlukly wakalaryň möwjemegine sebäp boldy.

Soňky gan döküşlikde howpsuzlyk güýçleriniň Ýangonyň golaýynda ýerleşýän Bago şäherinde protestçileri oka tutandygy habar berildi. Habarlarda bu wakalaryň 9-njy aprelde bolup geçendigi aýdylýar, ýöne ölenler baradaky habaryň ýüze çykmagy üçin bir gün gerek boldy.

Ýerli gözegçilik topary, Syýasy tussaglara kömek birleşigi "Bagoda agdarylyşyga garşy çykan protestçileriň 80-den gowragynyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürilendigini" tassyk etdi.

Habar berilmegine görä, harbylar ölenleriň jesetlerini ýük awtoulaglaryna ýükläp, ýerli pagoda alyp gidipdirler. Ölenleriň sanynyň artyp biljekdigi aýdylýar.

Syýasy tussaglara kömek birleşiginiň habaryna görä, goşun häkimiýeti ele geçireli bäri howpsuzlyk güýçleri tarapyndan azyndan 701 adam öldürildi.

XS
SM
MD
LG