Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pandemiýa çäklendirmeleriniň arasynda musulmanlar Remezan aýyna başladylar


Musulman namaz okaýar

13-nji aprelde musulmanlar Remezan aýynyň gelmegini belleýärler. Bu dünýäde koronawirus ýagdaýlarynyň gürelýän we Remezanyň dowamynda pandemiýanyň has hem köp ýaýramagynyň mümkindigi baradaky howatyrlaryň arasynda geçýär.

Eýýäm tapgyr ikinji ýyl aglaba musulmanlaryň ýaşaýan döwletlerinde Remezan koronawirus çäklendirmeleriniň fonunda geçýär.

Remezan aýynyň dowamynda dini kadalary berjaý edýän musulmanlar günüň dogmagyndan tä onuň ýaşmagyna çenli iýmekden, içmekden, çilim çekmekden we jynsy gatnaşyklardan saklanýarlar. Bu aýda agyz beklenýär, doga-dileg edilýär we haýyr-sahawat berilýär.

Şol bir wagtda Remezanda, adatça, adamlar agzaçar, metjitlerdäki namaz üçin köpçülik bolup jemlenýärler. Munuň häzir dünýäde COVID-19 ýagdaýlarynyň gürelýän pursady, pandemiýany has hem tutaşdyryp biljekdigi baradaky howatyrlar bar.

Adamlaryň waksina sanjymlaryny almagyny höweslendirmek üçin, musulman dini liderleriň köpüsi günüň dowamynda sanjym etdirmegiň orazany bozmaýandygy baradaky pikiri orta atdylar.

Türkmenistanda pandemiýa sebäpli geçen ýylyň 13-nji iýulynda ýapylan metjitler şu aýyň başynda ýaňadan açyldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG