Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň baş diplomaty Natanz desgasyndaky sabotažyň “erbet humar oýny” bolandygyny aýdýar


Eýranyň Natanz desgasyndaky sentrifugalar
Eýranyň Natanz desgasyndaky sentrifugalar

Tähran ýurduň Natanz ýadro desgasyna, Ysraýylyň amala aşyrandygyny aýdýan, sabotaž hüjüminiň “juda erbet humar oýny” bolandygyny, munuň 2015-nji ýylyň ýadro ylalaşygy boýunça dünýäniň iri döwletleri bilen geçirilen gepleşiklerde özüne artykmaçlyk gazandyrandygyny öňe sürdi.

11-nji aprelde Eýranyň resmileri Natanz desgasyndaky partlamanyň elektrik üpjünçiliginde päsgelçilik döredendigini we Eýranyň birinji nebere sentrifugalaryna zeper ýetirendigini aýtdy. Tähran muňa “ar aljakdygy” we ýadro hereketlerini ýaýbaňlatjakdygy bilen haýbat atyp, jogap berdi.

Ysraýyl muny göni boýun almasa-da, bu sebäpleri aýdyňlaşdyrylmadyk hüjümiň arkasynda onuň durandygyna ynanylýar. Hüjümden bir gün öň, Tähranyň günortasyndaky desgada urany baýlaşdyrmak boýunça täze enjamlar äşgär edilipdi.

Mundan başga-da, hüjüm ýadro ylalaşygyny täzeden dikeltmek ugrundaky diplomatiki tagallalaryň arasyna gabat geldi. ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Tramp bu ylalaşykdan çykypdy. Ysraýyl bu ylalaşyga çürt-kesik garşy çykýar.

“Ysraýyl bu hüjüm bilen Eýranyň ýadro gepleşiklerindäki ornuny peseldendirin diýip pikir edýän bolsa, bu gaty erbet humar oýny boldy” diýip, Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zafir 13-nji aprelde Tähranda rus baş diplomaty Sergeý Lawrow bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda aýtdy.

“Tersine, bu biziň pozisiýamyzy berkitdi” diýip, Zarif sözüne goşdy.

Geçen hepde Wenada 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygynyň doly berjaý edilmegini gazanmak boýunça Waşington bilen Tähranyň arasyndaky böwetleri aradan aýyrmak maksady bilen, Ýewropa Bileleşiginiň araçylyk etmeginde, gepleşikler geçirildi.

Bu ylalaşyk Eýrany ýadro programmasyny jylawlamagyň öwezine, oňa garşy girizlen halkara sanksiýalaryň gowşadylmagyny göz öňünde tutýardy.

Emma 2018-nji ýylda Tramp ABŞ-ny bu ylalaşykdan çykardy we Eýrana garşy sanksiýalary ýaňadandan girizdi.

Tähran muňa jogap edip, ylalaşygyň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalaryndan el çekip başlady.

XS
SM
MD
LG