Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa Russiýanyň Ukraina bilen serhedinde harbylaryny artdyryp, “prowokasiýa” isleýändigini aýdýar


Germaniýanyň goranmak ministri Annegret Kramp-Karrenbauer
Germaniýanyň goranmak ministri Annegret Kramp-Karrenbauer

Germaniýa Russiýany okupirlenen Krym ýarymadasynda we Ukraina bilen serhediniň golaýynda harbylarynyň sanyny köpeldip, prowokasiýa etmek synanyşygynda aýyplady. Şeýle-de Berlin Moskwanyň muny NATO-dan abanýan howpa jogap çäre hökmünde geçirýändigi baradaky öňe sürmesini ret etdi.

“Mende Russiýanyň ähli zat edip, bir reaksiýany prowokasiýa etmäge synanyşýandygy barada täsir döredi” diýip, Germaniýanyň goranmak ministri Annegret Kramp-Karrenbauer 14-nji aprelde ARD tele-kanalynda çykyş etdi.

“Ukraina bilen birlikde biz bu oýna girmeris” diýip, ol belledi. Şeýle-de, german goranmak ministri Russiýanyň “öz hereketlerini dowam etdirmegine bahana arap, NATO-dan bir herekete garaşýandygyny” sözüne goşdy.

Internetde peýda bolan suratlar, wideolar we beýleki maglumatlar rus ýaragly güýçleriniň Ukrainanyň serhedine we 2014-nji ýylda Moskwa tarapyndan anneksirlenen Kryma tarap hereket edýändigini görkezýär. Bu Russiýanyň Ukraina goşun salmaga taýýarlyk görýändigi baradaky aladalary artdyrdy.

Dartgynlylyklaryň ýokarlanmagy bilen, 13-nji aprelde ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden rus kärdeşi Wladimir Putini Kiýew bilen bagly dartgynlylyklary gowşatmak boýunça çäre görmäge çagyrdy, şeýle-de üçünji bir döwletde sammit geçirmegi teklip etdi.

Putiniň metbugat wekili Dmitriý Peskow Baýdeniň sammit teklibiniň gözden geçirjekdiklerini aýtdy.

XS
SM
MD
LG