Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Derňewçiler  Putiniň ýene bir gizlin mülküniň üstüni açdy


Wladimir Putiniň Waldaý sebitindäki "daçasynyň" ekrandan alnan suraty
Wladimir Putiniň Waldaý sebitindäki "daçasynyň" ekrandan alnan suraty

Prezident Wladimir Putiniň dosty Ýuriý Kowalçuk Orsýetiň Nowgorod sebitindäki Waldaý şäherinde 100 gektar ýeri ýurduň prezident diwanyna kärendesine berýär - bu ýerde Putiniň ýaşamagy we dynç almagy üçin gurlan binalar ýerleşýär diýip, syýasatçy Alekseý Nawalnynyň korrupsiýa garşy göreş gaznasy habar berýär.

Derňewde aýdylmagyna görä, demirgazyk bölekdäki 150 gektar ýer, ammarlaryň, garažlaryň, angarlaryň we uly bolmadyk myhmanhanalaryň ýerleşýän künjegi Orsýet Federasiýasyna degişli bolup, Federal gorag gullugy tarapyndan hemişelik ulanylýar.

Ýarymadanyň günorta bölegindäki 100 gektar ýer Kowalçuga degişli. Bu ýerde ýaşaýyş jaýy, hammam dynç alyş üçin gurlan beýleki binalar ýerleşýär. Kowalçuk bu ýer bölegini prezident diwanyna kärendesine berýär.

“Şeýlelikde, kärende tölegi býujetden tölenýän we başga hiç kime däl, Putiniň ýegre dostuna berilýän ýene bir Putin daçasy” diýip, derňew materialynda Kowalçugyň baýlygynyň möçberiniň birnäçe milliard dollara barabar hasaplanylýandygy hem bellenip geçirlýär.

Derňewçileriň maglumatlaryna laýyklykda, esasy jaý 3500 inedördül metr meýdany bolan dört gatly binadan ybarat. Bu ýerde külbeler, hammamlar, dalbarlar, restoran we hususy ybadathana bar. Kenarda myhman öýi bar, ony häzir Praskoweýewkedäki köşgüň gurluşygyna jogap berýän "Kredo" kompaniýasy gurdy.

“Ýöne Waldaýy ýaşyrmak aňsat däl. Sebäbi bu ýerdäki esasy jaýdan 350 metr uzaklykda Putiniň esasy waldai syry, onuň salyhatlylygynyň ybadathanasy gizlenýär. Bu bina ýaşaýyş jaýynyň özünden iki esse uly bolup, takmynan 7000 inedördül metr meýdany tutvar. Onuň üç gatyndan ikisi ýeriň astynda ýerleşýär” diýip, Nawalnynyň Korrupsiýa garşy gaznasynyň işgärleri aýdýar.

XS
SM
MD
LG