Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-daky demokratlar Ýokary kazyýetdäki kazylaryň sanyny köpeltmek isleýär


ABŞ-nyň Ýokary kazyýetini Waşington şäherindäki binasy.
ABŞ-nyň Ýokary kazyýetini Waşington şäherindäki binasy.

ABŞ Kongresindäki demokratlar Ýokary kazyýetiň kazylarynyň sanyny dokuzdan 13-e çenli köpeltmek üçin kanun taslamasyny hödürlemegi planlaşdyrýar.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden biraz öň Ýokary kazyýeti özgertmek meselelerini öwrenjek komissiýa döretmek baradaky karara gol çekdi. Bu komissiýa ýarym ýyl işlär. Beýleki özgertmeler bilen bir hatarda Ýokary suduň kazylarynyň sanyny köpeltmek hem nazarda tutulýar.

ABŞ-nyň Ýokary kazyýetinde häzir alty sany konserwatiw garaýyşly kazy bar. Demokratlaryň pikiriçe, bu kanun taslamasy kabul edilse, konserwatiwleriň kazyýetdäki gözegçiligini gowşamak ähtimallygy bar.

Synçylar bu teklibiň respublikanlar tarapyndan ýiti tankyt ediljekdigini aýtdylar.

ABŞ-nyň Ýokary kazyýeti ýurduň iň ýokary kazyýet edarasy bolup durýar. Kazylar bu wezipä ömürlik eýe bolýar, ýöne olar öz islegleri boýunça işinden çekilip bilýär.

Geçen ýyl kazy Rut Beýder Ginsburg ýogalandan soň kazyýetdäki bir orun boşady. Onuň ornuny Emy Koni Barrett eýeledi. Barrettiň kandidaturasyny Birleşen Ştatlaryň şol wagtky prezidenti Donald Tramp teklip etdi. Ol öz dolandyryşy döwründe Senatyň üsti bilen üç kandidat geçirdi we Ýokary Kazyýetde konserwatiw köplügi döretdi.

XS
SM
MD
LG