Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Çehiýanyň ýarag ammaryndaky partlamada rus agentleriniň eliniň bolandygy baradaky maglumatlaryny maslahatlaşýar


Çehiýanyň Içeri işler ministrliginiň web sahypasynda ozal şol bir at bilen Britaniýada öňki rus içalysy Sergeý Skripaly we onuň gyzyny zäherländigi aýdylýan Başirow bilen Petrowyň suratlary ýerleşdirildi.
Çehiýanyň Içeri işler ministrliginiň web sahypasynda ozal şol bir at bilen Britaniýada öňki rus içalysy Sergeý Skripaly we onuň gyzyny zäherländigi aýdylýan Başirow bilen Petrowyň suratlary ýerleşdirildi.

19-njy aprelde Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri 2018-nji ýylda Skripaly nerw agenti bilen zäherlemek bilen baglanyşykly rus harby wekilleriniň Çehiýanyň ýarag ammarynda irki ýyllarda bolan we iki adamyň ölmegine sebäp bolan partlamanyň arkasynda durandygy barada çeh hökümeti tarapyndan öňe sürülýän aýyplamalary maslahat etmekçi.

Çehiýanyň premýer-ministri Andrej Babiş 17-nji aprelde 18 rus diplomatynyň ýurtdan çykaryljakdygyny habar berdi we ertesi gün Orsýet Çehiýanyň Moskwadaky ilçihanasynyň 20 işgärine ýurdy terk etmegini buýurdy.

Çehiýanyň aýyplamalary 1989-njy ýylda kommunistik režiminiň tamalanmagyndan bäri onuň Orsýet bilen gatnaşyklaryndaky iň uly dawa-jenjeliň döremegine sebäp boldy we NATO agza ýurdy Moskwa bilen Günbataryň arasyndaky dartgynlylygyň merkezinde öwürdi.

Babiş rus diplomatlaryny kowmak kararynyň çeh derňewçileriniň 2014-nji ýylda gündogar Wrbetise şäherinde bolan partlamada rus harby aňtaw gullugynyň işgärleriniň gatnaşygyny görkezýän "aç-açan subutnamalara" esaslanýandygyny aýtdy.

Babiş Russiýanyň GRU harby aňtaw gullugynyň 29155 sany bilen belli bir bölümini agzady. Bu bölüm, Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda, şol sanda 2018-nji ýylda Britaniýanyň Salisberi şäherinde rus içalysy Sergeý Skripalyň zäherlenmegine gatnaşygy bilen bagly aýyplamalar bilen baglanyşykly.

Partlamada ýok edilen ok-däri we ýarag 2014-nji ýylda Russiýa tarapyndan goldanýan separatistlere garşy söweşýän Ukraina üçin niýetlenendigi habar berildi. Ýarag söwdasynyň guramaçysydygy aýdylýan bolgariýaly ýarag söwdagäri hem partlamanyň pidasy boldy.

XS
SM
MD
LG