Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň parlamenti, protestlerden soň, fransuz ilçisini çykarmak boýunça ses berer


Yslamçy radikal “Tehrik-e Labbaik Pakistan” partiýasy fransuz žurnallarynyň birinde Muhammet pygamberiň çap bolan kartikaturalaryna garşy çykyp, eýýäm ençeme aý bäri protest geçirýärler.
Yslamçy radikal “Tehrik-e Labbaik Pakistan” partiýasy fransuz žurnallarynyň birinde Muhammet pygamberiň çap bolan kartikaturalaryna garşy çykyp, eýýäm ençeme aý bäri protest geçirýärler.

Pakistanyň içeri işler ministri, yslamçylaryň Fransiýa garşy gazaply protestlerinden soň, hökümetiň fransuz ilçisini ýurtdan çykarmak boýunça parlamentde ses berişligi başlatjakdygyny aýtdy.

Yslamçy radikal “Tehrik-e Labbaik Pakistan” partiýasy fransuz žurnallarynyň birinde Muhammet pygamberiň çap bolan kartikaturalaryna garşy çykyp, eýýäm ençeme aý bäri protest geçirýärler. Olaryň esasy talaplarynyň arasynda fransuz ilçisiniň ýurtdan çykarylmagy hem bar.

Topar ilçini çykarmak boýunça hökümete 20-nji aprele çenli soňky möhlet beripdi.

18-nji aprelde polisiýa bilen “Tehrik-e Labbaik Pakistan” partiýasynyň tarapdarlarynyň arasyndaky çaknyşyklarda azyndan üç adam öldi.

Fransiýanyň Yslamabatdaky ilçihanasy fransuz raýatlaryny Pakistany terk etmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG