Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Moskwadaky ilçisi ‘konsultasiýalar üçin’ Waşingtona dolanýar


ABŞ-nyň Russiýadaky ilçisi Jon Sulliwan
ABŞ-nyň Russiýadaky ilçisi Jon Sulliwan

ABŞ-nyň Russiýadaky ilçisi Jon Sulliwan, Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýitileşýän döwri, şu hepde konsultasiýalar üçin Birleşen Ştatlara dolanjakdygyny aýtdy.

Ýakynda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň kiber hüjümlere, saýlawlara gatyşylmagyna we Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky esgerlerine abandyrylan howpa jogap edip, jezalandyryjy sanksiýalary yglan edeninden soň, Waşington bilen Moskwanyň arasyndaky dartgynlylyklar hasam ýitileşdi.

Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň saglyk ýagdaýy, Russiýanyň Ukrainanyň gündogar sebitlerinde goşun sanyny artdyrmagy we 2014-nji ýylda Çehiýa Respublikasyndaky ýarag ammarynda dörän partlamada Russiýanyň hem ilteşiginiň bolmagy – gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagyna goşmaça sebäp boldy.

“Men Waşingtonda Baýdeniň administrasiýasyndaky täze kärdeşlerim bilen Russiýa bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny maslahatlaşmagyň möhümdigini çaklaýaryn” diýip, Sulliwan belledi. Bu barada 20-nji aprelde ilçihananyň metbugat wekili mälim etdi.

XS
SM
MD
LG