Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda “Talybanyň” hüjümlerinde azyndan 12 adam öldi


Owgan howpsuzlyk işgärleri (arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)
Owgan howpsuzlyk işgärleri (arhiwden alnan illýustrasiýa suraty)

Owganystanda “Talyban” jeňçileriniň öten agşamyň dowamynda amala aşyran hüjümleriniň netijesinde howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan azyndan 12 gullukçy öldi. Bu barada 20-nji aprelde owgan resmileri habar berdiler.

Demirgazykdaky Badagşan welaýatynyň Zebak etrabyndaky barlag-gözegçilik nokadyna amal edilen hüjümde azyndan sekiz ofiser öldi, başga-da ikisi ýaralandy. Ýerli media hüjümçileriň hem ýitgi çekendigini habar berdiler.

Günbatardaky Herat welaýatynyň Gorýan etrabynda janyndan geçen hüjümçiniň polisiýanyň baş edarasynda ulagy partlatmagy netijesinde, azyndan iki howpsuzlyk işgäri öldi, başga-da 15-si ýaralandy. Ýerli häkim hüjümde parahat ilatyň arasyndan onlarça adama, şol sanda çagalara hem şikes ýetendigini aýtdy.

Ýokarky hüjümleriň ikisiniň-de jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy.

Paýtagt Kabulda näbelli hüjümçiler harby ofiseri we onuň sürüjisini atyp öldürdiler.

XS
SM
MD
LG