Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bolgariýanyň Moskwadaky ilçisi Russiýanyň Daşary işler ministrligine çagyryldy


Bolgariýanyň Russiýadaky ilçisi Atanas Wassilew Krastin. 2018 ý.
Bolgariýanyň Russiýadaky ilçisi Atanas Wassilew Krastin. 2018 ý.

Bolgariýanyň Moskwadaky ilçisi, mundan bir aý ozal Sofiýanyň içalyçylyk bilen ilteşikli iki rus diplomatyny ýurtdan çykaranyndan soň, Russiýanyň Daşary işler ministrligine çagyryldy. Bu barada 20-nji aprelde RIA habar gullugy maglumat berdi.

22-nji martda Bolgariýanyň Daşary işler ministrligi iki rus diplomatyna, diplomatiki statusyna “gabat gelmeýän” hereketlere baş goşandygyny aýdyp, “personae non gratae” yglan etdi we ýurtdan çykardy.

Şol pursat Russiýanyň ilçihanasy bu kararyň “essasyzdygyny” aýtdy we Moskwanyň “jogap çäresini geçirmek hukugyny saklap galýandygyny” belledi.

Bolgariýanyň Russiýa bilen ýakyn medeni, taryhy we ykdysady baglary bolup, ol ýurduň esasy energetika hyzmatdaşydyr.

Emma soňky ýyllarda Sofiýa bilen Moskwanyň gatnaşyklaryna ençeme içalyçylyk dawalary urgy boldy.

XS
SM
MD
LG