Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistan dünýäde iň köp gündelik COVID-19 hadysasyny hasaba aldy


HEALTH-CORONAVIRUS/INDIA
HEALTH-CORONAVIRUS/INDIA

Hindistan 22-nji aprelde soňky 24 sagadyň dowamynda 314,835 täze koronawirus wakasyny habar berdi. Bu san dünýäde bir günde hasaba alnan iň ýokary sandyr. Ýokanjyň ikinji tolkuny 1,3 milliard ilatly ýurdy global pandemiýanyň gyzgyn nokadyna öwürýär. Ýurtda ölüm sanlary hem rekord derejede ýokarlandy – bir günde koronawirusdan 2104 adam öldi.

Keselhanalarda kislorod we beýleki medisina enjamlary ýetmezçilik edýär, hassahanalar köp sanly näsaga saglyk bejergisini berip bilmeýär.

Ýerli media serişdeleri medisina enjamlarynyň ogurlanyşy we adamlaryň öz ýakyn hossarlarynyň janyny halas etmek üçin hassahanada ölen hassalaryň kislorodlaryny çekip alyşlary barada habar berýär.

Dünýäniň ikinji iň köp ilatly ýurdunda resmi taýdan 15,9 million koronawirus hadysasy hasaba alyndy. Bu koronawirus sanlary boýunça dünýäde ikinji ýerde durýar. Hindistanda tas 185 müň töweregi hassa koronawirusdan aradan çykdy.

Ýerli media, Reuters we Financial Times birnäçe iri şäherde resmi COVID-19 ölümleri bilen deňeşdirilende has köp adamyň ölümi we jaýlanmaga barada habar berýärler.

Delide COVID-19-a test tabşyrýan her üç adamdan bir adamyň testi pozitiw netije görkezýär. Bu bolsa ýokanjyň geriminden habar berýär. Ýurt boýunça testiň pozitiw netije bermek derejesi 20 göterimden sähel pesdir.

Häzirki wagtda paýtagt Nýu Deli berk petikleme astyndadyr. Ýokanjyň aşa ýokarlanmagynyň öňüni almak tagallalarynyň çäginde beýleki şäherler we ştatlar has ozal birmeňzeş çäreleri gördüler.

XS
SM
MD
LG