Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Belarusa täze bellän ilçisi sürgündeki oppozisiýa lideri Tihanowskaýa bilen duşuşdy


ABŞ-nyň Belarusa täze bellän ilçisi Julie Fişer (çepde) bilen Belarusyň oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýa Wilniýusda duşuşýar. 21-nji aprel, 2021 ý.

Awtoritar dolandyrjyy Alýaksandr Lukaşenka bilen rus prezidenti Wladimir Putiniň arasynda geçiriljek gepleşikleriň edil öň ýany, ABŞ-nyň Belarusa täze bellän ilçisi Julie Fişer (Julie Fisher) ýurduň sürgündäki oppozisiýa lideri Swýatlana Tihanowskaýa bilen duşuşdy.

Duşuşyk 21-nji aprelde goňşy Litwanyň paýtagty Wilniýusda geçirildi. Ozal prezidentlige dalaş eden Tihanowskaýa awgustda geçirilen jedelli prezidentlik saýlawlarynda Lukaşenka ýeňiş öňe sürenden soňra, belarus häkimiýetleriniň basyşlary sebäpli Litwa göçüp barypdy.

Fişer Tihanowskaýa bilen Moskwada Putin bilen Lukaşenkanyň arasynda geçiriljek gepleşikleriň öňüsyrasynda duşuşdy. Moskwada geçiriljek gepleşikleriň dowamynda taraplaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan-da beýläk ösdürmegi ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.

“Şu günki çäre ABŞ-nyň belarus halkynyň tarapyndadygyny aýdyň görkezýär” diýip, Fişer aýtdy. Ol 2008-nji ýyldan bäri Belarusa bellenen ilkinji ABŞ ilçisidir. Ol bu wezipä geçen dekabrda bellenildi, ýöne heniz Minske ynanç hatyny gowşurmady.

“ABŞ-nyň Belarusdaky ilçisi hökmünde meniň ileri tutýan ugrum bu goldawy berkitmekdir” diýip, Fişer aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG