Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda, Owganystanyň beýleki sebitlerinde bolan partlamalar azyndan 22 adamy öldürdi


Kabul. Howpsuzlyk ofiseri bobma hüjüminiň bolan ýerini gözden geçirýär. 15-nji mart, 2021.
Kabul. Howpsuzlyk ofiseri bobma hüjüminiň bolan ýerini gözden geçirýär. 15-nji mart, 2021.

Owgan resmileri 24-nji aprelde soňky 24 sagadyň dowamynda ýurduň bäş sebitinde guralan hüjümleriň azyndan 22 adamyň ölmegine sebäp bolandygyny aýtdylar.

"Talyban" söweşijileriniň bomba hüjümleri ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden şu aýda ABŞ goşunlarynyň ýurtdan çykarylmagynyň ozalky soňky möhleti bolan 1-nji maýdan 11-nji sentýabra çenli yza çekilýändigini yglan edeninden soň köpeldi.

Polisiýanyň metbugat wekiliniň sözlerine görä, 23-nji we 24-nji aprelde paýtagt Kabulda üç hüjüm bolup, şol sanda ýaragly adamlar dört polisiýa işgärini, uniwersitet mugallymyny we hökümet işgärini öldürildi.

Hökümet we aňtaw resmileriniň maglumatyna görä, demirgazyk Takhar sebitinde bir gijede bolan hüjümde hökümete tarapdar güýçleriň ýedi agzasy öldürildi.

"Talyban" liderleri Baýdeniň goşun çykarylmaly möhleti yza çekmegine ABŞ-nyň ozalky administrasiýasy bilen aprel aýynyň ortalarynda Türkiýe geçirilmegi planlaşdyrylan ýokary derejeli parahatçylyk konferensiýasyna gatnaşmakdan ýüz öwürmek bilen jogap berdiler.

"Talyban" goşun çykarmagyň yza çekilmegine protest hökmünde 1-nji maýdan soň öz hüjümlerini güýçlendirjekdigini duýdurdy. Kabul bilen “Talybanyň” Dohadaky wekilleriniň arasyndaky owganara gepleşikler sentýabryň ortalaryndan bäri togtap galdy.

XS
SM
MD
LG