Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Britaniýa Täze Magnitskiý Kanunynyň çäginde ilkinji sanksiýalary girizdi


Britaniýanyň daşary işler sekretary Dominik Raab

Britaniýa özüniň global korrupsiýa garşy täze kanunynyň çäklerinde sanskiýalaryň ilkinji tapgyryny yglan etdi. Gadagançylyklara 14 russiýaly we beýleki döwletleriň 8 raýaty düşdi.

14 rus raýatyna aklawçy Sergeý Magnitskiýiň üstüni açan salgyt galplyklary bilen baglylykda sanskiýalar girizildi. Rus aklawçysy Magnitskiý salgyt galplyklarynyň üsti bilen rus hökümetinden $230 milliona golaý pul serişdesiniň ogurlanmagynyň üstüni açypdy.

Sanksiýalara düşen rus raýatlarynyň Britaniýadaky emläkleri doňduryldy we olaryň Britaniýa girmegine gadagançylyk girizildi.

“Biziň Global Adam Hukuklary sanksiýalar garaýyşymyza laýyklykda, korrupsiýa garşy gadagançylyklar tutuş bir döwlete ýa-da tutuş bir halka garşy gönükdirilmän, eýse olar özüniň korrupsiýa amallaryndan bähbit görýän parahorlary jogapkärçilige çekmäge niýetlenendir” diýip, britan daşary işler sekretary Dominik Raab belledi.

Sanksiýalara düşen raýatlaryň arasynda Russiýanyň “Ähliumumy Tygşytlaýyş Bankynyň” eýesi diýlip tanyşdyrylan Dmitriý Klýuýew hem bar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG