Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birmada jeňçi topar harbylaryň berkitmesini ele geçirendigini aýdýar


Aktiwistleriň maglumatyna görä, Birmada howpsuzlyk güýçleri tarapyndan parahat ilatyň arasyndan azyndan 750 adam öldürilipdir.
Aktiwistleriň maglumatyna görä, Birmada howpsuzlyk güýçleri tarapyndan parahat ilatyň arasyndan azyndan 750 adam öldürilipdir.

Birmanyň gündogarynda etniki jeňçi topar harby berkitmäni basyp alandygyny aýdýar. Bu şu ýylyň başynda harbylaryň hökümet agdarylyşygyny geçireninden bäri ýüze çykan iň dartgynly çaknyşyklaryň biri bolandygy aýdylýar.

Ok atyşyklar 27-nji aprelde Salween derýasynyň golaýyndaky Karen ştatynda ýüze çykdy. Salween derýasy ýurduň Taýland bilen serhet araçäginden geçýär. Taýlar serhediň beýleki tarapyndaky Birmadan dowamly ok atyşyklaryň we partlamalaryň sesiniň eşidilýändigini aýdýarlar.

“Biziň esgerlerimiz Birmanyň harby berkitmesini eýeledi we ony oda berdi” diýip, Kareniň Milli Birlik topary mälim etdi.

Birmanyň harbylary bu hadysa boýunça bada-bat kommentariýa bermediler.

1-nji fewralda harbylar raýat lideri Aung San Suu Kýini häkimiýetden çetleşdirdiler. Howpsuzlyk güýçleri agdarylyşyga garşy köçelere çykan adamlary gazaply basyp ýatyrmak çärelerini geçirýärler. Aktiwist toparlarynyň maglumatyna görä, parahat ilatyň arasyndan azyndan 750 adam howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürilipdir.

Demokratiki hereketi, onlarça ýyl bäri has köp awtonomiýa ugrunda söweşýän, Birmanyň käbir jeňçi toparlary hem goldady.

XS
SM
MD
LG