Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa parlamenti Russiýany ýazgarýan çözgüdi sese goýýar


Ýewropa parlamentiniň binasy
Ýewropa parlamentiniň binasy

Ýewropa parlamenti 29-njy aprelde Russiýa garşy çäre görmek haýbatyny atýan çözgüdi sese goýýar. Bu rezolýusiýa Russiýanyň tussag astyndaky oppozisiýa lideri Alekseý Nawalna çemeleşigi, Ukraina serhedine goşun toplamagy we ýewropaly kanun çykaryjylaryň “çeh respublikasyna rus hüjümi” diýip häsiýetlendirýäni sebäpli kabul edilýär.

Bu hökmany däl çözgüt Ýewropa parlamentiniň bäş esasy akym syýasy topar tarapyndan goldanylýar.

Ýewroparlamentiň web-saýtynda çap dilen rezolýusiýa nusgasynda “Russiýa diňe bir Ýewropanyň howpsuzlygyna howp abandyrmaýar, eýsem ol oppozisiýa sistematik görnüşde zulum etmek we köçelerdäki tussag etmeler bilen öz halkyna garşy hem uruş alyp barýar” diýilýär.

Çözgüt Nawalnynyň 2020-nji ýylda nowiçok nerw agenti bilen zäherlenilmegini “Russiýa Federasiýasynyň çägindäki rus howpsuzlyk gulluklarynyň agentleriniň amala aşyran” “jana kast edişlik synanyşygy” diýýär.

Şeýle-de, çözgüt biragyzdan “Çehiýa Respublikasynda ok-däri ammarynyň ýarylmagyna gatnaşan rus harby aňtaw gulluklarynyň “şol bir GRU agentleriniň” öňki rus agenti Sergeý Skripalyň hem-de onuň gyzy Ýuliýa Skirpalyň nowiçok bilen zäherlenilmeginden hem jogapkärdiklerini aýdýar.

Karar taslamasy Russiýany dessine Nawalnyny boşatmaga we Ukraina serhedinden harby güýçlerini yza çekmäge çagyrýar. Karar taslamasynda serhet ýakasyndaky rus goşunlarynyň “geriminiň we zarba mümkinçilikleriniň” olaryň “hüjüme niýetlenendigini görkezýändigi” aýdylýar.

XS
SM
MD
LG