Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan we Täjigistan jedelli serhet ýakadaky soňky çaknyşyklar boýunça birek-biregi aýyplaýar


Gyrgyz güýçleri Gyrgyzystan bilen Täjigistan aradaky serhet ýakada ýerleşýän Gökdaş obasyna ýygnanyşýar. 29-njy aprel, 2021 ý.
Gyrgyz güýçleri Gyrgyzystan bilen Täjigistan aradaky serhet ýakada ýerleşýän Gökdaş obasyna ýygnanyşýar. 29-njy aprel, 2021 ý.

Iki Merkezi Aziýa ýurdunyň arasyndaky serhediň jedelli böleginiň ugrunda turan soňky çaknyşyklar we atyşyklar boýunça gyrgyz we täjik häkimiýetleri birek-biregi aýyplaýar.

Günorta Gyrgyzystanyň Batken sebitiniň polisiýasy 29-njy aprelde Gökdaş obasynda ýerleşýän harby bölümi täjik raýatlarynyň oka tutup başlandygyny habar berdi. Polisiýa Aksaý gyrgyz obasynyň golaýynda hem Täjigistan tarapdan ok sesleriniň eşidilendigini aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň wakanyň bolan ýerindäki habarçysy 29-njy aprelde iki gyrgyz raýatynyň ýaralanandygyny we gyssagly hassahana äkidilendigini habar berdi.

Tägistanyň Serhet gullugynyň beren beýanaty gyrgyz tarapynyň maglumatlaryna çapraz gelýär. Serhet gullugy Täjigistanyň çäginde ýerleşýän “Golownoý” suw paýlaýyş merkeziniň golaýynda ilki gyrgyz harbylarynyň täjik serhet birikmesine ok atandygyny aýtdy.

Gapma-garşylyk bir gün ozal, iki tarapdan ýerli ýaşaýjylar birek-birege daş oklap, serhetde çaknyşandan soňra başlady.

Gyrgyz resmileri çaknyşyklarda dört gyrgyz raýatynyň ýaralanandygyny, olaryň biriniň ok bilen ýaralanandygyny aýtdy.

Täjik häkimiýetleri ýedi täjik raýatynyň ýaralanandygyny we çaknyşyklara gyrgyz resmileriniň sebäpkärdigini aýtdy. Bişkek muny ret etdi.

Çaknyşyklar täjik resmileriniň “Golownoý” suw paýlaýyş merkezine gözegçilik enjamlaryny oturdýan wagtlaryna gabat gelýär.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzynyň dargamagyndan soňra, Merkezi Aziýanyň öňki sowet respublikalarynyň arasynda köp sanly serhet sebitleri jedellidir. Taraplaryň arasynda ençeme gezek ganly atyşyk wakalary boldy.

Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan serhetleriniň birikýän ýeri bolan durnuksyz Fergana jülgesinde ýerleşýän ençeme eksklawalarda ýagdaý has-da çylşyrymlydyr.

Has ozal, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Gyrgyzystandaky Woruh täjik eksklawasyna eden saparynda täjik-gyrgyz serhediniň tas ýarysy boýunça taraplaryň arasynda ylalaşyk gazanylandygyny aýtdy. Duşenbe bilen Bişkek 2002-nji ýylda serhetleriň çäk çyzyklaryna bellik etmek işlerine başlaly bäri, 100-den gowrak gepleşik geçirdi.

XS
SM
MD
LG